Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri oppozisiýa syýasatçylaryny we aktiwistleri yzarlamaga gatnaşan rus resmileriniň, şeýle-de Russiýanyň Jezalaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilik edýän federal gullugynyň (FSIN) garşysyna sanksiýalar tapgyryny girizmek ylalaşygyna geldi.
27-nji maýda Brýusselde ylalaşylan karar bir topar dissident, şol sanda Arktikadaky türmede uzak möhletli tussaglyk jezasyny çekýän wagtynda, fewral aýynda ölen kreml tankytçysy Alekseý Nawalnyý, “Memorial” adam hukuklary merkeziniň egindeş başlygy Oleg Orlow, aktiwist, Russiýanyň Ukraina çozmagyna garşy bolandygy üçin tussag edilen Aleksandra Skoçilenko ýaly syýasy sebäpler esasynda ýanalan adamlaryň işleri bilen bagly derňewçileri, prokurorlary we kazylary nyşana alar.