18-nji dekabrda Brýusselde Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda adam hukuklary meseleleri boýunça ýyllyk dialogyň 15-nji tapgyry geçdi. Bileleşigiň munuň netijeleri baradaky beýanaty 20-nji dekabrda çap edildi.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Ýewropa Bileleşiginiň resmileriniň mundan öň hukuk goraýjylaryň iberen rekommendasiýalaryny göz öňünde tutup, türkmen häkimiýetlerini ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin netijeli çäreleri görmäge çagyrandygyny aýdýar.
Hususan-da, Türkmenistana gender deňsizligine garşy göreş boýunça gyssagly we aýgytly çäreleri geçirmek barada çagyryş edildi.
Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri ýurtda adamlaryň zor bilen ýitirim edilmegi, türmelerdäki şertler, şol sanda bendiler bilen gödek daraşylmagy boýunça hem çynlakaý alada bildirdiler. Munuň bilen bagly, Türkmenistana Gyzyl haç halkara komitetiniň wekilleriniň ýurduň türmelerine bökdençsiz gelip görüp bilmegi üçin şertleriň döretmelidigi aýdyldy.
Dialogyň dowamynda pagta pudagyndaky mejbury zähmeti ýok etmek meselesi hem galdyryldy.
Mundan başga-da, Ýewropa Bileleşigi erkin pikiriň we ony beýan etmegiň, şeýle-de maglumata we garaşsyz habar serişdelerine bolan hukugyň ähmiýetini nygtadylar. Türkmenistanyň ähli raýatlary üçin internet üpjünçiliginiň elýeterli edilmegi we petiklenen websaýtlaryň, sosial torlaryň açylmagy hem nygtalyp geçildi.