Ýerewan Baku bilen parahatçylyk şertnamasyna gol çekmek, Türkiýe bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak isleýändigini aýdýar

Wahan Kostaniýan

Ermenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wahan Kostaniýan Kawkaz halkynyň Azerbaýjan bilen, iki goňşynyň arasynda öň ylalaşylan ýörelgelere esaslanyp, parahatçylyk şertnamasyna gol çekmäge we Bakuwyň ýakyn ýarany bolan Türkiýe bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Kostaniýan 2-nji martda Türkiýedäki Antalýa diplomatiýa forumynda eden çykyşynda Baku bilen baglaşylan islendik şertnamanyň iki tarapyň hem territorial bitewiligini we özygtyýarlylygyny ykrar etmegini talap edýändigini aýtdy.

Ol Ýerewanyň Ankara bilen gatnaşyklarynyň doly kadalaşmagyny, şol sanda serhediniň açylmagyny we diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny isleýändigini hem sözüne goşdy.