Ýewropanyň Parlamenti Ukraina harby we býujet çykdajylaryny maliýeleşdirmek üçin 90 milliard ýewro möçberinde karz bermek baradaky Ýewropa Komissiýasynyň teklibini goldady.
Karz 2026-2027-nji ýyllar döwri üçin tassyklanyldy. Ses berişlikde 458 deputat taslamany goldap çykyş etdi, 140 deputat garşy ses berdi, 44 kanunçykaryjy bolsa ses bermekden saklandy.
“Ýewropeýskaýa Prawda” neşiriniň bellemegine görä, Ukrainanyň aljak karzy 60 milliard ýewro harby kömekden we 30 milliard ýewro býujet goldawyndan ybarat. Bu çäre 2026-2027-nji ýyllarda Ukrainanyň býujet hem-de goranyş ugurlaryndaky zerurlyklarynyň üçden iki bölegini ýapmagy göz öňünde tutýar.
Ýewropa Bileleşiginiň sammiti Ukraina üçin bilelikdäki karz bermek baradaky netijäni 19-njy dekabrda tassyklapdy.