ÝHHG-niň baş sekretary Helga Mariýa Şmid 31-nji oktýabrda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleri we beýleki ýokary derejeli resmileri bilen duşuşar diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
“Türkmenportal” neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistanyň daşary işler ministrligi “ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň forumyny” geçirýär.
Ýokary derejeli maslahat, resmi habarda aýdylmagyna görä, serhet howpsuzlygyna abanýan töwekgelçilikler, howanyň üýtgemeginiň täsirleri we has ysnyşykly gatnaşyklaryň tutuş sebite getirip biljek mümkinçilikleri ýaly, sebitde ýüze çykýan kynçylyklara gönükdiriler.
Baş sekretar Şmid saparyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow we beýleki gyzyklanýan taraplar bilen hem gepleşik gçirer diýip, habarda aýdylýar.
Habarda sebitiň ÝHHG-a gatnaşyjy döwletleriniň raýatlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan hukuk meseleleri barada gürrüň ediljekdigi ýa-da däldigi aýdylmaýar.