Yragyň ähli ýerinde elektrik üpjünçiligi kesildi

Arhiw suraty. Erbil halkara howa menzili

Yragyň Elektrik we energetika ministrligi elektrik energiýasynyň berilmeginiň doly kesilýändigini habar berdi we emele gelen ýagdaýyň sebäbini derňemäge başlady.

Toguň berilmegini dikeltmegiň möhleti heniz belli däl.

INA habar agentliginiň sebit energiýa bölüminiň resmilerine salgylanyp beren maglumatyna görä, elektrik togunyň kesilmeginiň bir sebäbi elektrik stansiýalaryna ýeterlik derejede gaz berilmezligi we elektrik geçirijilerine yzygiderli zarba urulmagy bilen bagly bolup biler.

Şeýle-de, agentlik sebäpleriň biriniň Samarradaky Salah ad-Din elektrik stansiýasyna urlan raketa zarbalary bilen bagly bolup biljekdigini, bu zarbalaryň enjamlara uly zyýan ýetirendigini aýtdy.

Mundan öň Eýranyň Yragyň Erbil şäherindäki amerikan howa bazasyna zarba urandygy habar berildi.

Russiýanyň TASS habar agentligi Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusyna salgylanyp, olaryň Yrak Kürdistanyndaky "hökümete garşy toparlaryň" pozisiýalaryna zarba urandygyny habar berdiler. "Axiosyň” maglumatyna görä, bu zarbalar ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen kürt toparlarynyň liderleriniň arasynda bolan telefon gepleşiginden soň uruldy.

Ýerli häkimiýetler Eýranyň üç sany pilotsyz uçarynyň sebitdäki kürt düşelgesine hüjüm edendigini, pilotsyz uçarlaryň biriniň düşelgäniň hassahanasyna gelip urandygyny we azyndan bir adamyň ýaralanandygyny aýtdylar.