Ysraýyl arakesmä razy, ýöne giň ýaraşygy ret edýär

Ysraýyl Gazanyň demirgazygyndaky parahat adamlaryň agyr söweşlerden gaçmagyna mümkinçilik bermek üçin öz hüjümine arakesme bermek ylalaşygyna geldi.

Emma muňa garamazdan, munuň Hamasa “boýun egmek” boljakdygyny ýaňzydyp, premýer-ministr Benýamin Netanýahu atyşygyň has giň gerimde bes edilmegini ret etdi.

Hamas ABŞ we ÝB tarapyndan terrorçy guramalaryň sanawyna girizilen gurama bolup durýar.

Netanýahu ysraýyl goşunlarynyň hüjümde "adatdan daşary ýagdaýda başarnykly" bolandygyny aýtdy. Harbylaryň maglumatyna görä, 9-njy noýabrda Ysraýylyň günortasyndaky Eilatda bir pilotsyz uçar ýerli mekdebe zarba urdy we Ysraýylyň howa goraglary soň Gyzyl deňziň üstünde bir raketanyň öňüni aldy.

10-njy noýabrda harbylar pilotsyz uçaryň Siriýanyň çägindäki çeşmesini urandyklaryny aýtdylar.