Ysraýyl öten agşam Gaza onlarça howa zarbasyny urdy diýip, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamas 15-nji aprelde aýtdy.
Ysraýyl goşuny bolsa, Eýranyň eden görlüp-eşidilmedik hüjüminden soň, uruşdan ünsüni bölmejekdigini aýtdy.
Eýranyň Ysraýyla eden howa hüjümleri gapma-garşylygyň has giňelmek ähtimallygy baradaky gorkyny güýçlendirdi.
"Biz hatda Eýranyň eden hüjümi astynda-da öz aýgytly missiýamyzy, Gazada zamun alnanlarymyzy Eýranyň hemşerisi bolan Hamasyň elinden halas etmek wezipämizi bir pursat hem ýatdan çykarmadyk" diýip, Ysraýyl goşunynyň resmi wekili, kontr-admiral Daniel Hagari 14-nji aprel güni giçlik aýtdy.
Resmi adamlaryň sözlerine görä, prezident Jo Baýden premýer-ministr Benýamin Netanýahua ABŞ-nyň Ysaýylyň Eýrana garşy hiç bir ar alyş hüjümine gatnaşmajakdygyny duýdurdy.
"Ýakyn Gündogar howply ýagdaýa geldi... Häzir düşüşmegiň we gyzyşmagy gowşatmagyň wagty geldi" diýip, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş Howpsuzlyk geňeşiniň 14-nji aprelde çagyrylan jogap mejlisinde aýtdy.