Ysraýyl Gazany oka tutýar, Hamas ýaraşyk teklibini öwrenýär

Ysraýyl güýçleri Gazanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky sebitleri oka tutdy

Ysraýyl güýçleri Gazanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky sebitleri oka tutdy, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamas 31-nji ýanwarda atyşygyň bes edilmegi we zamun alnanlaryň boşadylmagy baradaky täze teklibi alandygyny we öwrenýändigini aýtdy.

Ysraýyl bilen gepleşik geçiren araçylar tarapyndan orta atylan teklip, görnüşinden, birnäçe aýa çeken Ysraýyl-Hamas urşunyň dowamynda edilen iň çynlakaý parahatçylyk başlangyjy boljaga meňzeýär.

Hamasyň ýokary derejeli resmisiniň "Roýters" habar gullugyna aýtmagyna görä, bu teklip üç basgançakly ýaraşykdan ybarat bolup, onuň ilkinji tapgyrynda Hamas topary galan ýesirleri, ýagny zamunlykda saklanylýan asuda adamlary boşatmaly.