Ysraýyl Gazanyň günortasyndaky söweşiň “intensiw” tapgyrynyň tamamlanjakdygyny aýdýar

Gaza zolagy

Ysraýyl Gaza zolagynyň günorta sebitinde alyp barýan söweş hereketleriniň “intensiw” tapgyrynyň golaýda tamamlanjakdygyny aýtdy.

Ysraýylyň goranmak ministri Ýoaw Gallant bu barada 15-nji ýanwarda beren metbugat ýygnagynda aýtdy, şeýle-de Gazanyň demirgazygynda bu tapgyra eýýäm ýetilendigini belledi.

Bu aralykda, BMG-niň başlygy Antonio Guterreş “gumanitar ýagdaýda ok atyşyklary dessine bes etmäge” çagyrdy. Ol munuň “zerur bolan hemaýaty mätäçlik çekilýän ýere aşyrylmagyny kepillendirmek üçin” gerekdigini belledi.