Ysraýyl Günbatar kenara iberen esgerlerini yzyna çykaryp, reýdiň gaýtalanyp biljekdigini duýdurýar

Ysraýyl goşuny 5-nji iýulda iki günlük dartgynly operasiýany tamamlap, basylyp alnan toprakda, Iordan derýasynyň Günbatar kenarynda ýerleşýän söweşijiler berkitmesine iberen esgerlerini yzyna çykardy.

Bu operasiýa netijesinde azyndan 13 palestinaly öldürildi, müňlerçe adam öýlerinden bosup çykmaga mejbur boldy we köp zyýan çekdi.

Operasiýa wagtynda Ysraýylyň hem bir esgeri öldürildi.

Goşun tapgyrlaýyn urlan howa zarbalaryny we ýüzlerçe gury ýer esgerini öz içine alýan operasiýa netijesinde Jenin bosgun düşelgesinde ýerleşýän söweşiji toparlara agyr zyýan ýetirendigini aýtdy.

Emma bu görlen çäreleriň Günbatar kenarda bir ýarym ýyla golaý barýan agyr söweşlere näçe uzak täsir etjekdigi belli bolman galdy.