Ysraýyl premýeri goşunyň Rafa girmäge taýýarlanmgyny buýurdy

Gaza zolagynyň günortasyndaky Rafa şäherinde düşürilen surat

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu goşunlara Gazanyň köp adamly Rafa şäherine girmäge taýynlyk görmegi buýurdy.

Bu buýruk ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamas bilen ýaraşyk baglaşmagy maksat edinýän gepleşikleriň täze tapgyrynyň 8-nji fewralda, Kairde açylmaly wagtynda berildi.

Ýöne ABŞ-nyň bu ýere sapar edýän döwlet sekretary Antoni Blinken 7-nji fewralda şindi hem "ylalaşyk gazanmak mümkinçiliginiň" bardygyny aýtdy.