Ysraýyl Tähranyň etegindäki ýadro desgasyna zarba urandygyny aýdýar

Eýranyň paýtagty Tehrana edilen hüjümden soň asmana galan tüsse. 3-nji mart, 2026

Ysraýylyň goranmak güýçleri (IDF) Tähranyň golaýynda ýerleşýän gizlin “Minzadeheý” ýadro toplumyna zarba urandygyny habar berdi.

IDF-iň metbugat gullugynyň tassyklamagyna görä, eýranly alymlaryň topary bu ýerdäki ýerasty desgada ýadro ýaragynyň esasy bölegini işläp düzmek üçin gizlin iş alyp barýar.

Eýran, Birleşen Ştatlar we Halkara atom energiýasy gullugy (HAEG) Ysraýylyň eden beýanaty barada häzirlikçe hiç bir düşündiriş bermedi.

Mundan başga, IDF-iň maglumatyna görä, Ysraýylyň uçarlary Eýranyň takmynan 300 raketa atyjy enjamyny hatardan çykardy.