Ysraýylyň güýçleri Gazada 60 jeňçini öldürdi

Gaza

Ysraýylyň güýçleri Gaza zolagynda soňky 24 sagadyň dowamynda 60 palestinaly söweşijini öldürdiler. Bu barada Ysraýylyň harbylary 18-nji ýanwarda beýanat bilen çykyş etdiler.

Maglumata görä, 40 töweregi jeňçi günortadaky Han Ýunus sebitiniň golaýynda, beýleki söweşijiler hem Gaza zolagynyň demirgazyk regionlarynda öldürilipdir.