Ysraýylyň Jenindäki harby operasiýasynda ölenleriň sany artýar

Jenin şäheri. 4-nji iýul, 2023.

Ysraýylyň Günbatar kenarda başlan giň gerimli harby operasiýasynda ölenleriň sany 10-a ýetdi. Ramalladaky Saglyk ministrliginiň habaryna görä, öten agşam ok ýarasyndan ölen bir palestinalynyň jesedi tapyldy.

Mundan başga, ýaralanan 100 adamyň 20-siniň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar. Ysraýyl 3-nji iýulda Iordan derýasynyň günbatar kenarynda özüniň iň uly harby operasiýalarynyň birini geçirmäge başlady.

2-nji iýuldan 3-nji iýula geçilen gije, köp sanly howa zarbasyndan soň 1000 sany Ysraýyl esgeri Palestiniň demirgazygyndaky Jenin şäherine girdi we ýaragly palestin ýaşaýjylary bilen birnäçe sagat söweşdi.

Ysraýyl goşunynyň habaryna görä, bu operasiýa Palestinadaky terrorçylyk infrastrukturasyny nyşana alýar.