ÝUNISEF 230 million gelin-gyzyň jynsy organlarynyň mutilasiýasyna sezewar edilendigini aýdýar

Maglumata görä, bu ýagdaýlar dogrusynda Afrika birinji orunda bolup, onda 144 million gelin-gyz jynsy organlarynyň mutasiýasyna sezewar edildi.

BMG-nyň Çagalar gaznasy, ýagny ÝUNISEF şu günki gün dirilikde gezip ýören 230 million gelin-gyzyň jynsy organlarynyň mutilasiýasyna sezewar edilendigini aýdýar. Bu 2016-njy ýylyň sanlaryndan 30 million köpdür.

Halkara Zenanlar Güni mynasybetli ýaýradylan hasabatda, aýal-gyzlaryň jynsy organlarynyň daşarky bölümini bölekleýin ýa-da doly aýyrmak tejribesiniň soňuna çykmak boýunça öňegidişligiň pes bolandygy hem bellenilýär.

Hasabatda gelin-gyzlaryň üstünden edilýän bu tejribeleriň “olaryň bedenine şikes salýandygy, geljegine kölege düşürýändigi, galyberse-de janlaryna howp abandyrýandygy” bellenilýär.

Maglumata görä, bu ýagdaýlar dogrusynda Afrika birinji orunda bolup, onda 144 million gelin-gyz bu tejribä sezewar edildi. Ondan soň Aziýa sebiti (80 million) we Ýakyn Gündogar sebiti (6 million) gelýär.