Zaporižiýa hüjüminde 20-den gowrak adam ýaralandy

Zaporižiýa urlan zarbalaryň netijeleri, 2025-nji ýylyň 17-nji dekabry

Orsýetiň 17-nji dekabrda Zaporižiýa we Zaporižiýa sebitine uran zarbasy netijesinde azyndan 26 adam ýaralandy diýip, Zaporižiýa sebit harby administrasiýasynyň başlygy Iwan Fedorow habar berdi.

Onuň sözlerine görä, rus güýçleri dolandyrylýan bombalar bilen üç gezek hüjüm etdiler. Zaporižiýede iki ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetdi. Bulardan başga, infrastruktura desgasyna we bilim edarasyna hüjüm edildi.

Orsýetiň harby güýçleri 16-njy dekabr gijesi Zaporižiýanyň merkezindäki dokuz gatly ýaşaýyş jaýyna hüjüm edip, dört adamy ýaralady.

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugynyň maglumatyna görä, bäşinji we altynjy gatlardaky dört kwartirada ýangyn bolup, ýalyn 120 inedördül metr meýdany gurşap aldy.

Ukraina häkimiýetleri we halkara guramalary raýat infrastrukturasyna, parahat ilata edilen hüjümleri Orsýetiň uruş jenaýaty hökmünde häsiýetlendirýärler.

Rus häkimiýetleri bu aýyplamalary ret edýärler we hüjümleriň harby nyşanalara gönükdirilendigini öňe sürýärler.