Zelenski: ABŞ harby ýardam bukjasy boýunça öňe gidişlik Ukraina “ýeňiş mümkinçiligini” döredýär

Ukrainanyň 57-nji brigadasynyň howtizer ýaragy Kupýanskyň etegindäki rus pozisiýalaryny nyşana alýar. 21-nji aprel.

Uzaga çeken Ukraina harby ýardam bukjasy boýunça kanun taslamasynyň ABŞ-nyň Wekiller öýi tarapyndan kabul edilmeginden soňra, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň rus güýçlerine garşy “ýeňiş mümkinçiligini” görýändigini aýtdy.

“Meniň pikirimçe bu goldaw Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň, hakykatdan-da, kuwwatyny artdyrar” diýip, Zelenski 21-nji aprelde ABŞ-nyň “NBC” telekanalyna aýtdy.

“Ukraina, biziň üçin örän zerur bolan ýarag ulgamlaryny, hakykatdan-da, alyp bilse, biziň üçin ýeňiş mümkinçiligi bolar” diýip, ol aýtdy.

Ukraina uzak aralyk ýaraglaryny we howa goranyş ulgamlaryny ileri tutýar. Zelenski bu ýaraglaryň Ukrainanyň Russiýanyň garaşylýan giň gerimli hüjüm “planlaryny syndyrmagyna” ýardam berjekdigini aýtdy.

Ýardamlaryň fronta çenli baryp gowuşmagy birnäçe hepde alyp biler, ok-däri ýetmezçiligi ukrain harby serkerdelerini bar bolan ok-därilerini ätiýaçly ulanmaga iterýär.

Wekiller palatasy 20-nji aprelde degişli kanun taslamasyny kabul etdi. ABŞ-nyň ýaranlaryna, şol sanda Ysraýyla ýardamlary öz içine alýan umumy möçberi 95 milliard ABŞ dollaryna barabar ýardam bukjasynyň 61 milliard dollar möçberi Ukraina gönükdirilýär.