Zelenski: Bize "Patriot" raketalaryny satyň, biz Russiýanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryna zarbalary bes ederis

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 2024-nji ýylyň iýunynda Germaniýadaky harby türgenleşik meýdançasyna sapary wagtynda "Patriot" ulgamynyň öňünde.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ABŞ Kiýewe "Patriot" howa goranyş raketalaryny tiz wagtda berse, onuň ýurdunyň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň talap edişi ýaly Russiýanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryna zarbalary bes etjekdigini aýtdy.

Zelenski 1-nji noýabrda "Fox News" telekanalyna beren interwýusynda bu mesele boýunça ABŞ-nyň prezidenti we onuň kömekçileri bilen "dürli we birnäçe" gepleşikleri geçirendigini aýtdy.

"Biz [şeýle diýdik]: Russiýa biziň energetika desgalarymyza hüjüm edensoň, adamlarymyzy öldürip, elektrik, gaz desgalarymyza, nebiti gaýtadan işleýän zawodlarymyza, ähli zadymyza zarba urýarka, biz jogap bermän durup bilmeris" diýip, ol gepleşigi alyp baryjy Treý Ýingste aýtdy.

"Biz: 'Russiýanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryna hüjüm etmegimizi islemeýän bolsaňyz, olar hem biziň energetika ulgamymyza hüjüm etmeli däl' diýdik. Başga bir ýol — bize “Patriot” raketalaryny beriň. Biz pul taparys; [bu] diňe kömek däl... Biz onuň üçin töläris".

Zelenski ABŞ Kiýewi bu raketa ulgamlary bilen bir aýlyk üpjün etse, Ukrainanyň hem şol möhletiň dowamynda Russiýanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryna hüjümleri bes etjekdigini aýtdy.

"Birnäçe ýyl" gerek bolup biler

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 30-njy oktýabrda Russiýanyň artýan howa hüjümlerine garşy Kiýewiň goranyşyny güýçlendirmek üçin Ukraina örän zerur bolan, umumy bahasy 2,1 milliard dollara barabar "Patriot" howa goranyş ulgamynyň tutujy raketalarynyň satylmagyna rugsat berendigini yglan etdi.

Emma Zelenski 500 sany tutujy raketanyň gelip gowuşmagy üçin "birnäçe ýyl" gerek bolup biljekdigini duýdurdy.

Zelenski sosial mediadaky ýazgysynda "500 sany PAC-3 tutujy raketanyň uly mukdardygyny" we olaryň şu gyşda netijeli goranyş toplumyny emele getirip biljekdigini ýazdy. Ýöne ol "üpjünçiligiň diňe birnäçe ýyldan soň başlanyp biljekdigini" hem sözüne goşdy.

"Amerikaly hyzmatdaşlarymyzdan hakyky howp abanýan we PAC-3 tutujy raketalaryny ulanmaga hakykatdan hem zerurlyk bar bolan döwür üçin çözgüt tapmaklaryny soraýarys" diýip, ukrain prezidenti aýtdy.

Atlantik Geňeşiniň ştatdan daşary uly ylmy işgäri we Pentagonyň öňki işgäri Aleks Plitsas "Patriot" baradaky beýanatyň möhümdigini, emma onuň Ukrainanyň gyssagly zerurlyklaryny kanagatlandyrmajakdygyny aýtdy. Ol Russiýanyň energetika infrastrukturasyna dowam edýän hüjümleriniň asuda ilaty gorkuzmagy we gyşda adamlary sowukda goýup, Ukrainany boýun egmäge mejbur etmegi maksat edinýändigini duýdurdy.

ABŞ-da işlenip düzülen "Patriot" ulgamynyň PAC-3 tutujy raketasy Russiýanyň ukrain şäherlerine atýan ballistik raketalaryny urup ýykmaga ukyply az sanly Günbatar ýaraglarynyň biridir.

Öz ýurdunda energiýa serişdeleriniň bahasynyň çalt ýokarlanmagy sebäpli syýasy kynçylyklara duçar bolýan Tramp energetika desgalaryna zarba urulmagyny bes etmäge çagyryp, Russiýadan we Ukrainadan şeýle infrastruktura hüjümleri togtatmagy talap etdi.

Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy hiç hili öjükdiriji hereket bolmazdan giň gerimli çozuşyny başlady we atyşygy bes etmek baradaky çagyryşlara garşy çykyp gelýär. Gazaply bolmagy mümkin gyş aýlary golaýladygyça, ol Ukrainanyň energetika infrastrukturasyna we raýat desgalaryna hüjümlerini güýçlendirdi.

Kiýew hem Russiýanyň energetika infrastrukturasyna jogap zarbalaryny urdy. Onuň aýtmagyna görä, bu infrastruktura Ukraina garşy urşy üpjün etmek üçin ulanylýar. Russiýanyň dürli künjeklerinde energiýa serişdeleriniň ýetmezçiligi we ýangyç guýulýan beketleriň öňünde uzyn nobatlar barada habarlar berildi.

Ukrain resmileriniň aýtmagyna görä, Ukrainanyň Oleşki şäheriniň töweregindäki ýerli ýaraşyk Moskwa ony uzaltmak teklibini ret edenden soň, 1-nji noýabrda giçlik tamamlandy.

Kiberuruşyň alamatlarymy?

Şol aralykda, iki ýurduň arasynda kiberuruşyň güýçlenip barýan bolmagynyň alamatlary ýüze çykdy. Ýöne bu barada jikme-jik maglumatlar azdy.

Ukrainanyň Howa güýçleri 1-nji noýabrda ýurduň howa hüjümleri barada duýduryş ulgamyna haker çozuşynyň amala aşyrylan bolmagyndan şübhelenýändigini, emma ulgamlaryň işiniň kadaly ýagdaýa getirilendigini aýtdy.

"'Air Alarm' goşundysyna duşmançylykly müdahalanyň edilen bolmagy mümkin" diýip, Ukrainanyň Howa güýçleri 1-nji noýabrdaky beýanatynda aýtdy. "Asudalygyňyzy saklaň we kanalymyzda berilýän täze maglumatlary yzarlaň".

Aýratynlykda, Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi 2-nji noýabrda irden özüniň onlaýn goşundysyna edilen kiberhüjümiň ilata ýalan maglumatlaryň ýaýradylmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.

"Üns beriň! Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň mobil goşundysy giň gerimli kiberhüjüme sezewar boldy. Bu hüjümçilere ilata ýalan maglumatlary ibermäge mümkinçilik berdi" diýip, ministrlik Telegramda ýazdy.

Bu iki wakanyň özara baglanyşygynyň bardygyny görkezýän maglumat bolmady. Ýöne rus websaýtlary soňky günlerde birnäçe haker hüjümi barada habar berdiler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Waşingtondaky uly habarçysy Aleks Raufoglunyň, şeýle-de Reuters, Fox we AFP-niň maglumatlary esasynda.