Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski BMG-niň Baş Assambleýasynda Russiýanyň global howp bolup durýandygy barada duýduryş berip eden çykyşyny 20-nji sentýabrda, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Russiýanyň alyp barýan 18 aýlyk çozuşyna bagyşlanyp geçiriljek ýörite mejlisinde, Moskwanyň hemişelik orna we weto hukugyna eýe bolan ýerinde hem dowam etdirer..
Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň tutanýerli ukrain lideriniň rus resmileri bilen ilkinji gezek aç-açan ýüzbe-ýüz boljak ýeri bolmagyna garaşylýar. Bu duşuşygyň we onuň ABŞ edýän seýrek saparynyň Kiýewiň özüne garanda has uly post-sowet goňşusyndan goranmak üçin has kän halkara goldawyny toplamak ugrunda edýän tagallalarynda aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolup biljekdigi aýdylýar.
Russiýanyň daşary işler ministriniň, 19-njy sentýabr güni giçlik Nýu-Ýorka gelen Sergeý Lawrowyň geňeş mejlisine gatnaşjakdygy ýa-da däldigi belli däl.
Zelenski bir gün öň eden çykyşynda Russiýany özüniň sebäpsiz başlan giň gerimli urşunda azyk önümlerinden we energiýadan başlap, alnyp gaçylan çagalara çenli, ähli zady “ýaraga öwürmekde”, ýarag hökmünde ulanmakda aýyplady. Bu uruş Krymyň basylyp alynmagyndan sekiz ýyl soň, gündogar Ukrainada Russiýa tarapyndan goldanýan separatistler bilen bolan pes derejeli söweşlerden soň başlandy.
Zelenski Russiýanyň ähli zady “ýaraga öwürmeginiň” “hakyky çäklendirmeleriniň ýokdugyny” aýtdy we Moskwanyň muny Ukrainanyň basylyp alnan sebitleriniň halkara derejesinde ykrar edilmegini gazanmak maksady bilen edýändigini öň sürdi.
Bu Zelenskiniň Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda giň gerimli çozuşyna başlaly bäri BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýyllyk mejlisinde ilkinji gezek gelip çykyş etmegi boldy.
Zelenskiniň sapary Ukrainanyň garşylykly hüjüminiň üç aýlygyna we onuň başda umyt edilişi ýaly has çalt ilerlemeginiň başa barmadyk wagtyna gabat geldi. Şu sebäpden ol daşary ýurt liderleri bilen duşuşar we 21-nji sentýabrda Waşingtona gidip, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdene we öňdebaryjy kanun çykaryjylara has köp haýyş bilen ýüz tutar.
"Haçanda ýigrenç bir millete garşy ýaraga öwrülende, ol hiç wagt şol ýerde saklanmaz" diýip, Zelenski aýtdy. “Russiýa her onýyllykda täze urşa başlaýar. Moldowanyň we Gürjüstanyň käbir bölekleri basylyp alnan ýagdaýynda galýar. Russiýa Siriýany harabalyga öwürdi. Russiýa Belarusy tasdan ýuwutdy. Elbetde, bu Gazagystan we Baltika ýurtlaryna hem görnetin howp salýar" diýip, ukrain lideri sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle-de, Zelenski Kiýewiň global parahatçylyk sammitini geçirmäge görülýän taýýarlygyň üstünde işleýändigini aýtdy.
Prezident Baýden biraz öň Baş Assembleýanyň mejlisinde eden çykyşynda ýolbaşçylary çozuşa garşy Ukrainanyň ýanynda durmaga çagyrdy we "Bu urşy derhal bes etmek ygtyýarlygynyň diňe Russiýada bardygyny” aýtdy.
Russiýa Baş Assambleýada 23-nji sentýabrda, Lawrowyň münberde bolmagyna garaşylýan gününde çykyş eder.
Yzda, Ukrainadaky ýurt goşunynyň aýtmagyna görä, öten agşam, 19-20-nji sentýabr aralygynda Russiýanyň demirgazykdan we günorta-gündogardan uçuran 24 sany pilotsyz uçarynyň 17 sanysy ýok edildi.
Şeýle-de, Ukrainanyň baş ştaby öz güýçleriniň Melitopol sebitinde, günorta-gündogar Zaporižýa sebitinde we gündogar Donetsk sebitinde, üstünde agyr söweş barýan Bahmut şäherçesinde hüjüm edýändigini aýtdy.
Britan Goranmak ministrliginiň gündelik hasabatynada aýdylmagyna görä, Bahmutdan sekiz kilometr uzaklykda ýerleşýän Andriýiwka we Klilşçiýiwka obalarynyň yzyna alynmagy "ukrain güýçlerini ... günortadan Bahmut şäherine barýan esasy üpjünçilik ýollarynyň birine golaýladýar".
Şeýle-de hasabat Russiýanyň şindem "aňsat goralýan" demirýol liniýasyny elde saklaýandygyny aýtdy.
Ukrain goşuny merkezi sebit Poltawada nebiti gaýtadan işleýän zawoda urlan birnäçe zarbanyň operasiýlaryň wagtlaýyn togtadylmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.
Gubernatoryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Dmytro Lunin pida bolanlaryň ýokdugyny habar berdi.
AÝ/AR söweş meýdanyndan berilýän habarlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmeýär.