Kiýewe, Harkowa edilen rus howa hüjümlerinde 5 adam öldi, onlarça adam ýaralandy

Kiýew görnüşi

Russiýanyň 2-nji ýanwarda Kiýewiň içine we töweregine, şeýle-de Harkowa uran howa we dron zarbalarynda azyndan bäş adam öldi, onlarça adam ýaralandy diýip, harbylar aýtdylar. Kiýewdäki harbylar urlan zarbalaryň, edil birnäçe gün öň bolşy ýaly, giň gerimli bolandygyny bellediler.

Kiýewde 2-nji ýanwarda bolan partlamalar şäheri sarsdyrdy diýip, häkimiýetler aýtdylar.

Goranyş ulgamlary şäheri nyşana alan rus dronlarynyň öňüni alandyklaryny aýdanlaryndan birnäçe sagat soň, ukrain paýtagtynyň birnäçe sebitinde elektrik üpjünçiligi kesildi.

Harkowa urlan uly rus zarbasy nestijesinde bir adamyň ölendigi, 20 adamyň ýaralanandygy habar berildi.

Bu hüjümler Russiýa täze ýylyň ilkinji günlerinde Ukraina 90 sany “Şahid” pilotsyz uçary bilen hüjüm edeninden bir gün soň guraldy. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin öz ýurdunyň goňşusyna edýän hüjümlerini “güýçlendirjekdigini” aýtdy.

Putiniň 1-nji ýanwarda beren duýduryşy Russiýanyň serhetýaka şäheri Belgorodyň topa tutulmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Belgorodda 20-den gowrak adamyň ölendigi we 100-den gowrak adamyň ýaralanandygy habar berildi. Russiýa 30-njy dekabrda öz çäginde edilen hüjümde Ukrainany günäkärledi.

Zelenski sosial ulgamda ýerleşdiren habarynda Russiýanyň 31-nji dekabrdan bäri Ukraina 170 töweregi hüjüm drony, ýagny Eýranda öndürilen "Şahid" pilotsyz uçarlary we dürli görnüşli onlarça raketa bilen hüjüm edendigini aýtdy. "Biziň howa goragçylarymyz eýýäm üçünji gün ajaýyp işleri edýär" diýip, Zelenski aýtdy.

“Men biziň howa galkanymyzy berkitmäge kömek edýän hyzmatdaşlarymyzyň ählisine sagbolsun aýdýaryn. Bu, elbetde, rus terrorçylygy tarapyndan her gün we her gije öldürilip biljek ýüzlerçe adamyň janynyň halas edilmegine kömek edýär. Eger-de “Patriotlar” we beýleki goranyş ulgamlary bolmadyk bolsa, bu mümkin bolmazdy" diýip, ukrain lideri aýtdy.

Ukrainanyň harby-howa güýçleriniň serkerdesi Russiýanyň 2-nji ýanwarda uran howa zarbasynyň, atylan raketalaryň sany we görnüşleri boýunça, 29-njy dekabrda edilen uly hüjümiň gaýtalanmasy bolandygyny aýtdy.

Russiýa 29-njy dekabrda Ukraina 158 töweregi raketa we pilotsyz uçar bilen hüjüm etdi.

Harkowyň sebit häkimi Oleh Synyehubow 2-nji ýanwarda 1,4 million ilatly şäheriň “azyndan dört zarba” bilen nyşana alnandygyny, merkezdäki binalara we raýat infrastrukturasyna zyýan ýetendigini aýtdy.

Kiýew 2-nji ýanwar güni irden bolan partlamalardan sarsdy. Bu ukrain harbylarynyň howa goragy ulgamlarynyň Russiýanyň paýtagta eden raketa we dron hüjümleriniň öňüni alandygy barada beren habarlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Kiýewiň häkimi Witali Kliçko asmanda urlan raketalaryň galyndy bölekleriniň birnäçe etraba, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň golaýyna gaçmagy netijesinde 10 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

"Paýtagtda partlamalar bolýar" diýip, Kliçko telegram habarlaşma programmasynda aýtdy we adamlary howpsuz ýerlerde saklanmaga çagyrdy.

Kliçko soň hassahana alnyp barylýan bir adamyň ýolda ölendigini habar berdi.

Kliçko Kiýewiň Peçerskiý etrabyndaky gaz geçirijilere zyýan ýetendigini, 2-nji ýanwarda paýtagtyň birnäçe binasyndaky elektrik üpjünçiliginiň kesilendigini aýtdy.

Ukrainanyň howa güýçleri biraz öň Russiýanyň ýarygijeden soň amala aşyran hüjüminde Ukrainanyň birnäçe şäherini, şol sanda Kiýewi nyşana alan 35 sany pilotsyz uçaryň ählisini ýok edendigini habar berdi.

Zelenski 1-nji ýanwarda “The Economist” gazetinde çap edilen interwýusynda Russiýany “terrorçy ýurt” diýip atlandyrdy we Putiniň parahatçylyk isleginiň hiç bir alamatyny görkezmeýändigini sözüne goşdy.

Zelenski Putiniň gepleşiklere ymtylýandygyny yşarat edýän islendik alamatyň diňe esgerleriň we ýaraglaryň gutarmagy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

Zelenski, öz harbylarynyň gündogardaky basyş astyndaky şäherleri, ilaty rus dronlarynyň we raketalarynyň barha kän pidasy bolýan sebitleri goraýandygyna garamazdan, Ukrainanyň öňde boljak garşylykly hüjümleriniň esasy ünsüniň rus güýçleriniň Krymdaky sanyny azaltmak boljakdygyny aýtdy.

"Men diňe terrorçy ýurduň ädimlerini görýärin” diýip, ol söhbetdeşlikde aýtdy.

Putin 1-nji ýanwarda Moskwa sebitindäki harby hassahanada eden gürrüňinde Belgorodyň topa tutulmagyny "terrorçylykly hüjüm" diýip häsiýetlendirdi we Ukraina garşy edilýän hüjümleri güýçlendirmek wadasyny berdi. Belgoroda edilen hüjümde 25 adamyň ölendigi habar berilýär.

Putin Ukrainany raýat sebitlerine hüjüm etmekde günäkärledi we, Russiýanyň raketa we pilotsyz uçar hüjümlerinde Ukrainadaky ýaşaýyş we raýat ýerlerine zarba urulýandygy baradaky giň gerimli subutnamalara garamazdan, Moskwanyň diňe harby ýerleri nyşana alýandygyny öňe sürdi.

Resmiler Russiýanyň bu sebiti ukrain sebitlerine garşy hüjüm etmek üçin ulanandygyny gaýta-gaýta dile getirýän hem bolsa, Kiýew Belgoroda edilen hüjüm barada hiç hili düşündiriş bermedi.