26-njy dekabrda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen “ýakyn wagtda” duşuşmak boýunça ylalaşylandygyny aýtdy. Bu Waşingtonyň Kiýew bilen Moskwanyň arasynda parahatçylyk ylalaşygyny gazanmaga gönükdirilen tagallalaryny güýçlendirýän döwrüne gabat geldi.
Zelenski meýilleşdirilýän duşuşyk barada sosial ulgamlarda habar berip, Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň sekretary Rustem Umerowyň oňa ABŞ-nyň resmileri bilen bolan nobatdaky duşuşyklary barada hasabat berendigini mälim etdi.
"Biz bir günümizi hem ýitirmeýäris. Biz ýakyn wagtda iň ýokary derejede, prezident Tramp bilen duşuşmak barada ylalaşyga geldik. Täze ýyla çenli köp zat kesgitlenip bilner" diýip, ukrain lideri ýazdy. Tramp şeýle duşuşyk baradaky meýilnamalary entek jemgyýetçilige tassyklamady.
Kyiv Post neşiriniň çeşmelerine görä, Zelenskiniň 28-nji dekabrda Florida gidip, Mar-a-Lagoda möhüm gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.
Bu beýanat Zelenskiniň mundan bir gün öň Trampyň wekilleri Stiw Witkoff we Jared Kuşner bilen telefon arkaly gürleşip, “uzak möhletleýin parahatçylyk üçin gowy pikirleri” ara alyp maslahatlaşandygyny mälim etmeginden soň yglan edildi. Zelenskiniň maglumatyna görä, jaňa Umerow, Ýaragly güýçleriň Baş ştabynyň başlygy Andriý Hnatow we daşary işler ministri Andriý Sybiha hem gatnaşdy.
“Biz işiň käbir möhüm jikme-jikliklerini ara alyp maslahatlaşdyk. Umumy netijä we uzak möhletleýin parahatçylyga ýetmäge kömek edip biljek gowy pikirler bar. Hakyky howpsuzlyk, hakyky dikeldiş, hakyky parahatçylyk -- biziň hemmämize şular zerur” diýip, Zelenski ýazdy.
Bu özgerişler ABŞ, Ukraina we Ýewropa gepleşikçileriniň Russiýanyň Ukrainadaky urşuny bes etmäge gönükdirilen 20 maddalyk parahatçylyk çarçuwasynyň üstünde işlenilýän döwrüne gabat geldi.
Zelenskiniň şu hepde mälim eden meýilnamasynda Ukraina üçin howpsuzlyk kepillikleri, dikeldiş işleri we söweş hereketlerini togtatmak boýunça ýol kartasy ýaly meseleler göz öňünde tutulýar.
20-21-nji dekabrda ABŞ-nyň Maýamide geçiren duşuşyklaryna Russiýanyň wekilleri hem gatnaşdy, emma soňra Kreml bu duşuşyklara “aýgytly özgeriş” hökmünde garamaly däldigini duýdurdy.
Bloomberg Kremle ýakyn bir çeşmä salgylanyp, Moskwanyň häzirki 20 maddalyk plan boýunça üýtgetmeleriň girizilmegini talap etmegi meýilleşdirýändigini ýazdy. Maglumata görä, Russiýa NATO-nyň gündogara giňelmeginiň dowam etmezligi boýunça kepillikleri, şeýle hem Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine goşulan ýagdaýynda onuň bitarap statusyny saklamagyny üpjün etjek şertleri goşmak isleýär.
Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow prezident Wladimir Putine Maýamidäki gepleşikler boýunça hasabat berlendigini tassyklady we Russiýanyň öz pozisiýasy boýunça ýakyn günlerde Waşington bilen kontaktlaryny dowam etdirjekdigini aýtdy.
Bu aralykda, ukrain resmileriniň maglumatyna görä, soňky günlerde Russiýa Ukraina garşy zarbalaryny dowam etdirip, ýurduň günortasyndaky Odessa sebitine hüjümlerini güýçlendirdi.
Ukrainanyň Harby-howa güýçleriniň habaryna görä, Russiýa öten agşamyň dowamynda Ukraina garşy “Iskander-M” kysymly raketany we 99 sany hüjüm dronuny atypdyr.
Odessanyň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Lysak 26-njy dekabrda: “Şu gün duşman şäherimize ýene-de hüjüm etdi” diýip aýtdy we dron zarbasynyň şäherdäki bir infrastruktura desgasyna degip, ýangynyň döremegine sebäp bolandygyny belledi.
Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Oleksiý Kulebanyň Telegramda ýazmagyna görä, Russiýanyň gijeki zarbalary Odessa we Mikołaýiw sebitleriniň portlarynda Slowakiýanyň, Palaunyň we Liberiýanyň baýdaklaryny göterýän gämilere hem zeper ýetiripdir.
ABŞ-nyň senatorlarynyň iki partiýadan ybarat topary Roždestwo baýramy günlerinde ukrain parahat ilatyna garşy edilen rus hüjümlerini ýazgardylar.
25-nji dekabrda ýaýradylan beýanatda: “Biz Russiýanyň Herson, Çernihiw, Harkiw, Odessa, Sumy, Donetsk we Krywyý Rih sebitlerinde asuda ukrainlere garşy amala aşyran wagşy hüjümlerini ýazgarýarys” diýilýär.
“Uruş ýagdaýyndaky ýurtlarda-da Roždestwo döwründe ok atyşyklary bes etmek däbi bar; aýratyn-da Birinji jahan urşy döwründe şeýle ýagdaýlar bolupdy. Putiniň häzir ot atyşlygy togtatmagyň deregine, hüjümleri amala aşyrmak baradaky karary hemmämiz üçin aýdyň bir duýduryş boldy: Putin rehimsiz ganhor, ol parahatçylyk bilen gyzyklanmaýar, we oňa ynanyp bolmaz” diýlip beýanatda aýdylýar.