Zelenski RF-niň Putin bilen Moskwada duşuşmak teklibine jogap berdi

Ukrain prezidenti Wladimir Zelenski

Ukrain prezidenti Wladimir Zelenski žurnalistler bilen söhbetdeşlikde, Russiýa Federasiýasynyň eger-de Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak isleýän bolsa, Moskwa gelsin diýen teklibine jogap berdi. Onuň jogap sözlerini "Ukrainska prawda" gazeti sitirledi.

“Gürrüňsiz, meniň üçin Putin bilen Moskwada duşuşmak mümkin däl. Bu Putin bilen Kiýewde duşuşmak ýaly. Men hem ony Kiýewe çagyryp bilerin; goý, gelsin. Elbetde, eger ol karar etse, men ony açyk çagyraryn” diýip, Zelenski aýtdy.

Ol mundan öň, eger bu urşuň soňuna çykmaga kömek etse, Putin bilen duşuşmaga taýýardygyny birnäçe gezek aýdypdy.

Orsýetiň prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow 29-njy ýanwarda, eger-de Zelenski Putin bilen duşuşmak islese, Moskwa gelip biljekdigini we onuň ol ýerdäki howpsuzlygynyň kepillendiriljekdigini aýtdy.

Parahatçylyk gepleşiklerinde araçy hökmünde çykyş edýän Birleşen Ştatlar, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň gatnaşmagynda, liderleriň üçtaraplaýyn duşuşygyny guramak mümkinçiligi barada hem gürrüň gozgady. Emma soňky döwürde bu barada gürrüň edilmeýär.

Şeýle-de, Zelenski Abu-Dabide geçirilen üçtaraplaýyn gepleşiklerde energiýa ýaraşygy boýunça hiç hili gönüden-göni ylalaşyga gelinmändigini aýtdy.