Prezident Wolodymyr Zelenski ýurduň ýaragly güýçleriniň we onuň "ýolbaşçylygynyň täzelenmeginiň" wagtynyň gelendigini yglan edeninden birnäçe minut soň, general polkownik Oleksandr Syrskini ukrain goşunynyň baş serkerdesi wezipesine belledi.
Zelenski 8-nji fewralda eden beýanatynda Syrskiniň "üstünlikli goranyş tejribesiniň bardygyny, onuň Kiýew goranyş operasiýasyny amala aşyrandygyny, şeýle-de, Harkow azat ediş operasiýasynda üstünlikli hüjüm tejribesine eýe bolandygyny”aýtdy.
Zelenskiniň Zalužnini wezipesinden aýyrmak pikirini edýänýändigi baradaky habarlardan soň, Russiýada doglan, Ukrainanyň gury ýer güýçlerine 2019-njy ýyldan bäri serkerdelik edýän 58 ýaşly Syrskiý general Waleriý Zalužniniň ornuna geçýär.
Zelenksi ozalky twitterde, X platformasynda paýlaşan hatynda Zalužna minnetdardygyny we onuň bilen "bilelikde gazanylan her ýeňşe" gadyr goýýandygyny aýtdy.
Zelenski ýolbaşçylygyň täzelenýändigini yglan etmezinden ozal Zalužni bilen goşundaky haýal etmezden üýtgedilmegini talap edýän meseleler barada "aç-açan maslahat edendigini" aýtdy.
"Täze dolandyryş topary, şu günden başlap, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň ýolbaşçylygyny öz üstüne alar. Men dürli derejedäki serkerdeler bilen onlarça söhbetdeşlik geçirdim” diýip, ol bu çärede meseläniň “adam atlarynda-da, syýasatda hem däldigini” sözüne goşdy.
Goranmak ministri Rustem Umerow giň gerimli rus çozuşynyň ilkinji iki ýylynda Zalužniniň ýurt goragynda oýnan roluny belläp, "biziň esgerlerimiz agressoryň hüjümini yzyna serpikdirdi, biziň döwletimizi gorady we biziň garaşsyzlygymyzy goramagy her gün dowam etdirýär" diýdi.
Ol özüniň Zalužniniň gazanan üstünliklerine we ýeňişlerine minnetdarlygyny bildirdi, ýöne urşuň üýtgeýändigini we üýtgeşmeleri talap edýändigini aýtdy.
"2022, 2023 we 2024-nji ýyllardaky söweşler üç dürli reallyklardan ybarat we 2024-nji ýyl täze üýtgeşmeleri getirer we biz muňa taýyn bolmaly" diýip, Umerow aýtdy. "Täze çemeleşmeler, täze strategiýalar zerur" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Wedant Patel baş serkerdäni täzelemek baradaky kararyň ukrain liderleriniň özbaşdaklykda çykaran, "özygtyýarly karary" bolandygyny aýtdy. Ol bu barada goşmaça maglumat bermekden saklandy.
Syrskiý Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň Russiýa tarapyndan goldanýan separatistleriň hüjümlerine garşy alyp baran söweşlerine ýolbaşçylyk eden esasy serkerdeleriň biri bolup durýar. Bu söweşler Russiýa Ukrainanyň Krym sebitini anneksiýa edeninden gysga wagt soň başlandy.
Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy alyp barýan urşuna başlanyndan soň, Syrskiý şol ýylyň sentýabr aýynda ukrain ýaragly güýçleriniň Harkow sebitindäki gözegçiligi gaýtadan ele almagyna gönükdirilen garşylykly hüjümine üstünlikli ýolbaşçylyk etdi.
2022-nji ýylyň aprelinde ukrain paýtagtyny goramakda eden üstünlikli ýolbaşçylygy Syrskiniň, Zelenski tarapyndan gol çekilen karara laýyklykda, Ukrainanyň Gahrymany diýen ada eýe bolmagyna getirdi.
Zelenski Zalužni bilen 8-nji fewralda duşuşdy we ondan "toparda" galmagyny haýyş edendigini aýtdy, ýöne öňki baş serkerdäniň haýsy wezipäni ýerine ýetirjekdigini anyklaşdyrmady.
Zalužni 8-nji fewralda telegramda özüniň we Zelenskiniň Ukrainanyň Russiýanyň dowam edýän agressiýasyna garşy alyp barýan göreşinde "çemeleşmeleri we strategiýany üýtgetmegiň zerurdygy" barada bir karara gelendiklerini ýazdy.
Strategiýadaky pikir tapawutlary we Ukrainanyň geçen ýyldaky şowsuz garşylyklaýyn hüjüminden soň, söweş meýdanyndaky pozisiýalary saklamakda dörän kynçylyklar sebäpli, Zelenskiniň Zalužnini wezipesinden çetleşdirjekdigi baradaky çaklamalar birnäçe hepde bäri dowam edýärdi.
Zalužni bilen Zelenskiniň arasyndaky dartgynlyk noýabr aýynda, baş serkerde "The Economist" gazetinde urşuň petik ýagdaýynaa gelendigini we Ukrainanyň basylyp alnan ýerlerini azat etmek maksatlaryna ýetmegine diňe tehnologiki böwsüşiň ýol açyp biljekdigini aýdanyndan soň ýüze çykdy.
Zelenskiniň edarasy söweş meýdanyndaky ýagdaýlara baha, syn bermekden ýüz öwürdi.
Pikir soramalary Zalužniniň at-abraýynyň Zelenskiniň abraýyndan ýokary bolmasa, pes däldigini görkezýär, bilermenleriň käbiri Zelenskiniň Zalužnini wezipeden çetleşdirmeginiň ukrain esgerleriniň bir bölegini ruhdan düşürmeginden we milli jebisligi gowşatmagyndan howatyr edýär.
Zelenski X-daky hatynda Zalužni bilen 8-nji fewralda geçirilen söhbetdeşlikde generalyň "Ukrainanyň döwlet toparynda" işlemegini dowam etdirmegini teklip edendigini aýtdy, ýöne onuň indiki orny barada anyk zat aýtmady.
Zelenski generalyň "bu teklibi kabul etmeginden minnetdar boljakdygyny" hem sözüne goşdy.