Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen geçiren gepleşiklerini parahatçylyk ylalaşygy bolmazdan tamamlady, emma ol ABŞ-nyň we Ukrainanyň toparlarynyň ýakyn wagtda ýene duşuşjakdygyny, şeýle-de indiki aý Waşingtonda liderleriň, şol sanda ýewropaly ýolbaşçylaryň hem gatnaşmagynda duşuşygyň geçiriljekdigini aýtdy.
Zelenski 28-nji dekabrda sosial ulgamda Floridanyň Palm Biç şäherindäki Trampyň Mar-a-Lago rezidensiýasynda “ähli meseleler boýunça mazmunly gürrüňdeşlik geçirilendigini” ýazdy.
Ol, aýratyn-da, “örän möhüm howpsuzlyk kepillikleri” bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.
“Biz parahatçylyk çarçuwasynyň ähli taraplaryny ara alyp maslahatlaşdyk we möhüm netijelere ýetdik” diýip, Zelenski ýazdy.
“Şeýle hem indiki ädimleriň yzygiderliligini ara alyp maslahatlaşdyk. Biz uzak möhletleýin parahatçylyga ýetmek boýunça howpsuzlyk kepillikleriniň möhüm şert bolup durýandygy barada ylalaşdyk” diýip, ukrain lideri belledi.
Zelenski sözüni dowam etdirip: “Biz toparlarymyzyň, ara alnyp maslahatlaşylan ähli meseleleri jemleýji görnüşe getirmek üçin, eýýäm indiki hepdede duşuşjakdygy barada ylalaşdyk. Şeýle hem prezident Tramp bilen onuň ýanwar aýynda Waşingtonda ukrain we ýewropaly liderleri kabul etjekdigi barada ylalaşdyk” diýip nygtady.
Trampyň Zelenski bilen duşuşygy soňky hepdelerde Russiýanyň Ukrainadaky doly göwrümli urşuny bes etmek maksady bilen alnyp barylan diplomatiki tagallalaryň netijesinde amala aşdy. Ukrainadaky tas dört ýyl bäri dowam edýän urşuň dowamynda iki tarapdan 1.5 milliondan gowrak esger ýa heläk boldy, ýa-da ýarlandy.
“Dogry ugurda”
Iki sagatlyk gürrüňdeşlikden soň Tramp parahatçylyk gepleşikleriniň “dogry ugur boýunça ilerleýändigini” aýtdy. Ol ýanwar aýynda Waşingtonda liderleri kabul etmek mümkinçiligi barada hiç zat aýtmady.
“Russiýa [uruşuň] gutarmagyny isleýär. Hemmeler onuň gutarmagyny isleýär” diýip, Tramp žurnalistlere aýtdy, emma jikme-jik maglumat bermedi.
Tramp bilen Zelenski Ýewropanyň birnäçe lideri, şol sanda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron, Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer, Germaniýanyň kansleri Friedrich Merz we NATO-nyň başlygy Mark Rutte bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Laýen sosial ulgamda: “Ýewropa Ukraina we ABŞ-daky hyzmatdaşlarymyz bilen işleşmegi dowam etdirmäge taýýar… Bu ugurda iň möhüm şert, ilkinji günden başlap [Ukraina üçin] berk howpsuzlyk kepillikleriniň bolmagydyr” diýip ýazdy.
Kiýew, aýratyn-da Birleşen Ştatlardan, emma şol bir wagtda Ýewropadan hem howpsuzlyk kepillikleriniň berilmegini isleýär, şol bir wagtda Kremliň berk talaplaryna, şol sanda ukrain territoriýasynyň Russiýa berilmegini göz öňünde tutýan şertlere garşy çykýar.
Bilelikdäki metbugat ýygnagynda Tramp territoriýa bilen bagly meseleleriň, şol sanda Ukrainanyň Donbas sebitiniň geljegi bilen bagly ýagdaýyň entek çözülmändigini aýtdy.
“Bu entek çözülmedi, emma ep-esli ýakynlaşdyk. Bu örän kyn mesele” diýip, Tramp aýtdy.
Russiýa Tramp bilen Zelenskiniň duşuşygyndan we metbugat ýygnagyndan soň bada-bat beýanat bermedi.
Putiniň ýörite wekili Kirill Dmitriýew sosial ulgamda: “Ähli dünýä prezident Trampyň we onuň toparynyň parahatçylyk tagallalaryna ýokary baha berýär” diýip ýazdy.
Gepleşikler başlamazdan sähel öň Tramp bilen Putin telefon arkaly gürleşdiler. Kreml garaşylmadyk bu jaňyň bir sagatdan gowrak dowam edendigini we onuň Trampyň başlangyjy boýunça bolandygyny aýtdy. Tramp sosial ulgamda bu gürrüňdeşligi “gowy we örän netijeli” diýip häsiýetlendirdi.
Diplomatiki tagallalaryň we alnyp barylýan gepleşikleriň fonunda Russiýa eglişige örän az meýillidigini görkezdi, hatda Zelenskiniň teklip eden Roždestwo döwründäki wagtlaýyn ýaraşygyny hem ara alyp maslahatlaşmakdan ýüz öwürdi.
Gepleşiklerden bir gün öň Russiýa ukrain paýtagtyna we onuň töweregindäki sebitlere güýçli zarbalar urup, howanyň derejesi doňma çäginiň golaýynda saklanýan mahaly, tas 1 million hojalygy toksuz galdyrdy.