Zelenski, Trampyň tankydyndan soň, Londonda Ýewropa ýaranlary bilen duşuşýar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2-nji martda Londondaky sammitiň çäginde gürleşýärler.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň onuň iň soňky parahatçylyk teklibini okamandygy baradaky aýyplamasyndan soň, möhüm ýewropaly ýaranlary bilen duşuşyk geçirmäge taýýarlanýar.

8-nji dekabrdaky Londondaky gepleşikler, geçen aý ABŞ tarapyndan taýýarlanan parahatçylyk taslamasy mälim edilenden soň, ylalaşyga gelmek ugrunda tagalla edýän ukrain we amerikan resmileriniň Maýaminiň golaýynda üç gün dowam eden duşuşyklarynyň yz ýany geçirilýär.

28 maddadan ybarat bu meýilnama aglaba has köp Russiýanyň bähbitlerini ileri tutýandygy hökmünde garaldy. Bu aralykda, Kiýew Wladimir Putiniň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy başladan doly göwrümli söweşinden öň hem öňe sürüp gelýän has berk talaplarynyň käbirine garşy çykdy.

“Biz täze diplomatik hepdä başlaýarys -- Ýewropa liderleri bilen konsultasiýalary geçireris. Ilki bilen howpsuzlyk meseleleri, biziň garşy durmagymyza goldaw we goranyş üçin hemaýat bukjalary ara alnyp maslahatlaşylar” diýip, Zelenski 7-nji dekabrda otlyda ýazga alynan gijeki ýüzlenmesinde aýtdy.

Zelenskiniň Londondaky duşuşyklarynyň arasynda Kiýewi berk goldaýan ýewropaly liderler hem bar, ýagny Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Germaniýanyň kansleri Friedrich Merz.

Şol bir wagtda, 7-nji dekabrda Waşingtonda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ukrain kärdeşini tankytlap, ondan özüniň “biraz lapykeç” bolandygyny aýtdy.

“Biz prezident Putin bilen hem gürleşýäris, ukrain ýolbaşçylary, şol sanda prezident Zelenski bilen hem gürleşýäris, we men prezident Zelenskiniň mundan birnäçe sagat ozal çykan teklibi okap görmändigine biraz lapykeç bolandygymy aýtmaly” diýip, Tramp žurnalistlere nygtady.

Ukrainanyň baş gepleşikçisi Rustem Umerow soňky özgerişler barada Zelenskä 8-nji dekabrda hasabat berjekdigini aýtdy.

“Şu gün biz Ukrainanyň prezidentine amerikan tarapynyň gatnaşmagynda alnyp barlan dialogyň ähli taraplary hem-de ähli dokumentler boýunça doly maglumat bereris” diýip, Umerow X ulgamynda ýazdy.

28 maddalyk meýilnama girizilen üýtgetmelerden soňky görnüşiniň jikme-jiklikleri köpçülige ýetirilmedi, Tramp hem onuň mazmuny barada hiç zat aýtmady. Soňky günlerde amerikan we ukrain resmileri esasy jedelli meseleleriň hatarynda territoriýalara gözegçilik we Ukraina babatyndaky howpsuzlyk kepillikleri meseleleriniň bolandygyny ýaňzatdylar.

Maýamidäki gepleşikleriň yz ýany Zelenski Ak tamyň adyndan gepleşikleri alyp barýan ýörite wekili Stiw Witkoff we Trampyň giýewisi Jared Kuşner bilen telefon arkaly gürleşendigini mälim etdi.

“Amerikan wekilleri Ukrainanyň esasy pozisiýalaryndan habarly, gürrüňdeşlik aňsat geçmese-de, konstruktiw boldy” diýip, Zelenski belledi.

Bu aralykda, Russiýa howanyň sowamagynyň arasynda Ukrainanyň infrastrukturasyna zarbalary urmagyny dowam etdirýär.

Zelenskiniň parahatçylyk prosesi boýunça Brýussele we Rime meýilleşdirilýän saparlarynyň öňüsyrasynda, Italiýanyň premýer-ministri Giorgia Meloni onuň bilen telefon arkaly gürleşdi.

Meloni Rimiň Kiýew bilen gatnaşyklarda ygrarlylygyny tassyk etdi we Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyny hem-de ilatyny goldamak üçin adatdan daşary kömek berjekdigini aýtdy.