Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ýurduň howpsuzlyk gulluklarynyň Liwiýanyň kenarynyň golaýynda Russiýanyň iki gämisine zarba urandygyny aýtdy. Olaryň biri Bengazi portunda gark bolan harby gämi, beýlekisi bolsa Ortaýer deňzi arkaly ýarag we ok-däri daşaýan ýük gämi bolandygy aýdylýar.
Mundan öň Liwiýanyň gündogaryndaky hökümetiň wekilleri 22-nji noýabrda Bengaziniň golaýyndaky harby-deňiz bazasynda duran rus gämisinde partlama bolandygyny habar berdiler. Olaryň aýtmagyna görä, partlama deňiz dronynyň sebäp bolan bolmagy mümkin. Partlamada ekipažyň rus we liwiýaly agzalarynyň 10-sy ýaralandy.
Zelenski 23-nji noýabrda X ulgamynda Liwiýanyň kenarynyň golaýynda geçirilen “Ukrainanyň operasiýasynda” Ukrainada öndürilen ýedi deňiz dronynyň ulanylandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, rus korweti we ýük gämisi nyşana alyndy.
“Duşmanyň hüjümi yzyna serpikdirmek üçin eden ähli tagallalaryna garamazdan, Russiýanyň 'Merkuriý' korweti gark edildi” diýip, Zelenski ýazdy. Ol bu gäminiň “olaryň iň täze gämileriniň biridigini, giň gerimli urşuň barşynda, 2023-nji ýylda flotuň düzümine goşulandygyny” aýtdy.
Ukrainanyň Waşingtondaky iň ýokary derejeli diplomaty Denis Siýenik sosial mediada şeýle ýazdy: “Liwiýanyň kenarynyň golaýynda rus harby gämisine we, habarlara görä, harby enjam daşaýan ýük gämisine bir zat boldy”.
“Bir zat aýdyň: bu gämiler mundan beýläk Russiýanyň uruş maşynyna hyzmat etmez” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. Siýenik goşmaça maglumat bermedi.
Ukrainanyň güýçleri Gara deňizdäki rus harby gämilerine we harby-deňiz desgalaryna zarba urmak üçin deňiz dronlaryny we raketalary ýygy-ýygydan ulanyp gelýärler. Olar soňky döwürde has uzakdaky Baltika deňzinde hem rus gämilerini nyşana aldylar.
2025-nji ýylyň dekabrynda Ukraina Ortaýer deňzinde Russiýa bilen baglanyşykly nebit tankerine howa dronlary bilen zarba urandygyny mälim etdi. Ýöne zarbanyň anyk nirede urlandygy belli däldi.
2026-njy ýylyň martynda Moskwa Ukrainany Liwiýanyň kenaryndan goýberilen deňiz dronlary bilen suwuklandyrylan tebigy gaz daşaýan rus tankerine hüjüm etmekde aýyplady. Kiýew bu hüjüm barada teswir bermedi.
Demirgazyk Afrikadaky bu hüjüm tassyklansa, ol Kiýewiň Russiýanyň harby deňiz gatnawyna zarba urmak mümkinçilikleriniň giňändigini görkezer.
23-nji noýabrda irden BMG-niň Liwiýadaky missiýasy (UNSMIL) dron hüjümleri barada “çynlakaý alada” bildirdi we “dessine garaşsyz hem aç-açan derňew geçirmäge” çagyrdy. Missiýa hüjümler üçin kimiň jogapkärdigini aýtmady.
Hemra suratlary
Reuters-iň maglumatyna görä, “Vantor” kompaniýasynyň beren hemra suratlary hem gäminiň Russiýanyň Harby-deňiz flotuna degişli “Merkuriý” korwetidigini görkezýär. Korwet kiçi harby gämidir.
Suratlarda gäminiň agdarylandygy we diňe öň böleginiň suwuň ýüzünde galandygy görünýär. Gäminiň bir böleginden tüsse çykýar. Gämi duralgasynyň boýuna galyndylar pytrapdyr.
Reuters 22-nji noýabrda beýleki gämä hem zarba urlandygyny habar berdi. Liwiýanyň harby gullugyndaky iki çeşme Bengaziniň kenarynyň golaýynda Maltanyň baýdagy astynda ýüzýän söwda gämisine deňiz dronynyň zarba urandygyny agentlige aýtdy.
Çeşmelere salgylanýan Reuters Liwiýanyň harby-deňiz güýçleriniň iki gäminiň hem ekipažyny halas edendigini habar berdi. Şol çeşmeleriň sözlerine görä, Liwiýanyň harby-deňiz we howa güýçleri 22-nji noýabrda giçlik kenaryň golaýynda 20-den gowrak dron gaýygynyň öňüni aldy.
Liwiýada ýurduň kanuny häkimiýeti hökmünde ykrar edilmek ugrunda bäsleşýän iki hökümet bar. Ýurdun günbataryndaky Tripolide ýerleşýän Milli jebislik hökümeti (GNU) bitewi häkimiýet döretmek üçin BMG bilen işleşýär.
Ýurduň gündogaryndaky Bengazide bolsa bäsdeş tarap öz premýer-ministri we ministrler kabineti bolan aýratyn hökümet döretdi.
Russiýa Liwiýada orun edinmäge çalyşýar
Russiýa Liwiýadaky bölünişikden peýdalanyp, Demirgazyk Afrikanyň bu ýurdunda pugta orun edinmäge çalyşýar.
Liwiýanyň gündogaryndaky hökümet hüjüm diýlip çaklanylýan wakany ýurduň özygtyýarlylygynyň bozulmagy we deňiz gatnawynyň howpsuzlygyna abanýan howp hökmünde ýazgardy. Ol Liwiýanyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky urşa ýa-da öz serhetleriniň daşyndaky başga bir ýaragly çaknyşyga gatnaşmaýandygyny nygtady.
“Liwiýanyň hökümeti ýurduň portlaryny, çägini ýa-da territorial suwlaryny hasaplaşyk meýdanyna öwürmäge ýa-da halkara çaknyşyklaryny bu ýerlere geçirmäge ýol bermez” diýlip, hökümetiň beýanatynda aýdylýar.
Tripolidäki bäsdeş hökümet bolsa “raýat portlarynyň we desgalarynyň daşarky çaknyşyklar bilen bagly işlere çekilmeginiň döredýän töwekgelçiliklerinden” alada bildirdi.
Tripoli hökümeti daşary ýurt güýçleriniň ýurtda ýerleşmegine we onuň desgalaryndan peýdalanmagyna rugsat bermegiň daşarky çaknyşyklaryň Liwiýa hem aralaşmagyna ýol açyp biljekdigini duýdurdy.