Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ýurduň esasy howpsuzlyk edaralarynyň gatnaşmagynda Kiýewde bolan atyşykdan soň, günäkärleriň «jogapkärçilige çekilmegine» we degişli «kadr çözgütleriniň» kabul edilmegine çagyrdy.
Zelenski gündelik agşamky wideo ýüzlenmesinde wakanyň Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy — SBU bilen ýurduň harby aňtaw gullugy — HUR-yň arasynda bolandygyny aýtdy we ony «düýbünden masgaraçylykly» diýip atlandyrdy.
«Ukrainany goramak üçin diňe rus basybalyjylaryna garşy ot açylmalydyr» diýip, ol aýtdy. «Döwletimiz başga hiç hili atyşyga kimdir birine rugsat berlen hereket hökmünde garamaz.»
2-nji sentýabrda irden atylan ok sesleri Kiýewiň Bereznýaki etrabynyň ýaşaýjylaryny ukudan oýardy. Şaýatlar wakanyň bolan ýerinde ýaralanan adamlary we gan yzlaryny görendiklerini aýtdylar.
Gapma-garşylyk tamamlanandan sähel wagt geçensoň, wakanyň sebäbi barada biri-birine çapraz gelýän maglumatlar peýda boldy.
SBU biri-birine ters gelýän iki beýanat ýaýratdy. Ilki gulluk Russiýanyň «terrorçylykly hüjüminiň» öňüni almak üçin HUR bilen bilelikde hereket edendigini aýtdy. Soňra bolsa agtaryş işlerine päsgel bermäge synanyşan «bir topar adama» garşylyk görkezendigini mälim etdi.
HUR-yň «Tymur» ýörite güýçler bölüminiň serkerdesi soňra Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna beren beýanatynda SBU işgärleriniň «HUR-yň işgärlerini saklandygyny we olara duýduryş bermezden ot açandygyny» aýtdy.
Rus meýletinler korpusy
Atyşygyň HUR bilen baglanyşykly, Ukrainanyň goldaýan harbylaşdyrylan topary bolan Rus meýletinler korpusynyň serkerdesiniň orunbasary Stepan Kaplunowyň tussag edilendigi baradaky öňki habarlar bilen baglanyşykly bolmagy ähtimal.
Kaplunowyň aklawçysy Taras Borowskiý Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna öz müşderisiniň 23-nji awgustda «ogurlanandygyny», onuň nirededigi barada bolsa 1-nji sentýabra çenli hiç hili maglumatyň bolmandygyny aýtdy. Ol SBU-nyň özüniň düşündiriş almak baradaky ýüz tutmalaryna jogap bermändigini hem sözüniň üstüne goşdy.
Şondan soň wakanyň jikme-jiklikleri has-da bulaşýar.
Borowskiýniň aýtmagyna görä, 2-nji sentýabra geçilýän gije SBU Kaplunowyň öýünde agtaryş geçirmek üçin ony şol ýere getiripdir. Emma HUR-yň wekilleri we Kaplunowyň dostlary eýýäm öýde eken.
HUR-yň serkerdesi SBU bölüminiň serkerdesi bilen ylalaşyk gazanandygyny, emma şondan soň «SBU-nyň beýleki işgärleriniň» ot açandygyny aýtdy.
Rus meýletinler korpusynyň serkerdesi Denis Nikitin bolsa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna SBU-nyň Kaplunowyň öýünden ony aýyplamaga esas berjek hiç zat tapmandygyny aýtdy.
Zelenski soňra prokurorlaryň bu wakany derňejekdigini mälim etdi.