Zelenski Ukrainanyň uruşdan soňky dikeldilişine bagyşlanan Berlin maslahatyna gatnaşýar

German kansleri Olaf Şolz we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Berlinde geçirilýän Ukraina konferensiýasyndan öň surata düşýär. 11-nji iýun, 2024.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 11-nji iýunda Berline bardy. Ol bu ýerde Russiýanyň giň gerimli çozuşy netijesinde dörän we ýurduň uly bölegini harabalyga öwren uruş gutaranyndan soňky ýagdaýlar barada geçiriljek iki günlük maslahata gatnaşar. Bu konferensiýa Ukrainanyň uruşdan soňky dikeldişi we gaýtadan gurulmagy bilen bagly meseleleri öz içine alýar.

Zelenski maslahatyň öňüsyrasynda syýasata, işewürlige we beýleki ugurlara degişli 2000 adamy bir ýere jemlejek maslahata gatnaşýan wagtynda german kansleri Olaf Şolz bilen hem gepleşik geçirjekdigini aýtdy.

"Men kansler Şolz bilen mundan beýläk beriljek goranyş kömegi, Ukrainanyň howa goranyş ulgamyny giňeltmek we bilelikde ýarag önümçiligini ýola goýmak barada pikir alyşaryn" diýip, Zelenski X platformasynda ýazdy.

"Biziň baş meselämiz Ukrainanyň rus howa terrorçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýan energiýa pudagy üçin gyssagly çözgütleri tapmakdan ybarat bolar" diýip, Zelenski aýtdy.

Russiýanyň Ukrainanyň elektrik ulgamyna eden dyngysyz hüjümleri Kiýewi tutuş ýurt boýunça togy gezekli öçürip ulanmaga mejbur etdi.

"Ukraina häzir, uruş döwründe hem jaýlary, suw geçirijilerini, hassahanalary we elektrik torlaryny yzygiderli dikeltmeli, täzeden gurmaly bolýar" diýip, Germaniýanyň ösüş ministri Swenja Şulze aýtdy.

"Adamlar öz ýurtlarynda ýaşamaklaryny dowam etdirmek isleýärler we munuň üçin elektrik, suw üpjünçiligi we olaryň aşagynda ýaşamaklary üçin üçek gerek" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Germaniýa Kiýewi harby enjamlar bilen üpjün etmekde ABŞ-dan soň ikinji ýerde durýar.

Berlinde Ukrainany dikeltmek meselelerine bagyşlanyp geçirilýän konferensiýa 13-14-nji iýunda Italiýada geçiriljek G7 ýygnagynyň öňüsyrasyna gabat geldi. Uly Ýedilik toparyna girýän ýurtlaryň Kiýewi maliýeleşdirmek üçin Günbatarda doňdurylan rus emläklerinden alynýan girdejileri nädip ulanmalydygy barada etjek maslahatynda Ukraina esasy temalaryň biri bolar.

Bu maslahatdan soň, hepde aýgynda Şweýsariýada geçiriljek parahatçylyk sammitine 90-dan gowrak ýurt we gurama wekilçilik eder. Russiýa bu sammite çagyrylmady, Hytaý bolsa oňa gatnaşmaz.

Şu aralykda, rus güýçleriniň Ukrainadaky nyşanalara edýän hüjümlerini dowam etdirmekleri bilen, ukrain häkimiýetleri Ukrainanyň gündogar Donetsk sebitindäki Konstantyniwka şäherinde bolan partlamalarda azyndan bäş adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Sebit prokuraturasy 11-nji iýunda Facebookda ejir çekenleriň "aýna döwükleri we güýçli partlama tolkuny" netijesinde ýaralanandygyny aýtdy.

Beýanatda 10-njy iýun güni giçlik edilen hüjümde azyndan 13 ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetendigi aýdylýar.