Zelenski ÝB liderlerini doňdurylan rus serişdelerinden gelen girdejileri Ukraina hemaýat üçin ulanmaga çagyrýar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 21-nji martda Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň Brýusseldäki iki günlük sammitiniň açylyşynda eden çykyşynda, “Russiýanyň doňdurylan serişdelerini adalatly ulanmak baradaky mesele boýunça öňe ilerlemäge” çagyrdy.

“Şu ýyl biz Russiýanyň serişdelerini Ukrainada, agressor tarapyndan weýran edilýän janlary goramak we durmuşy ýola goýmak üçin ulanmalydyrys. Bu adalatly bolar” diýip, Zelenski aýtdy.

Ukrainanyň ýewropaly goldawçylary doňdurylan rus serişdelerinden gelýän girdejileri Kiýewe ýaraglary satyn almak üçin ulanmak meselesine garaýarlar.

Mundan öň, Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bu girdejileri Ukrainany täzeden gurmak tagallalaryna harçlamagy göz öňünde tutýardylar.

Emma geçen hepde Ýewropa Bileleşigiň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrell häzir esasy meseläniň Ukrainany täzeden gurmak däl-de, has köp onuň mundan beýläk ýok edilmeginiň öňüni almakdan ybaratdygyny aýtdy.

Ol Russiýanyň Ýewropadaky doňdurylan serişdelerinden gelen girdejileriň 90%-ni Ukraina üçin ýaraglary satyn almaga gönükdirmegi teklip etmekçi bolýandygyny mälim etdi. Bu taslamany Ýewropa Bileleşiginiň ähli agzalary oňlamaly bolar.