Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Ýewropa liderleriniň sammitine gatnaşmak üçin Ispaniýanyň Granada şäherine geldi.
Zelenski Ukrainanyň rus basybalyjy güýçlerine garşy alyp barýan söweşine has köp ýaraglary kepillendirmek ugrundaky tagallalaryny güýçlendirýär. Şol bir wagtda, 20 aý töweregi dowam edýän urşuň çäginde käbir donor döwletlerde ýadawlyk alamatlary duýulýar.
Zelenski başga-da 46 döwletiň ýolbaşçylary bilen 5-nji oktýabrda Ýewropa Syýasy Jemgyýetçiligi forumynyň çägindäki üçünji maslahaty geçirýärler.