Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Russiýanyň howa giňişligini ulanýan awiakompaniýalara ukrain dronlarynyň döredýän howpy barada duýduryş berdi we Moskwanyň dowam etdirýän dartgynlylygy sebäpli Russiýanyň üstündäki asmanyň indi howpsuz däldigini aýtdy.
“Şu gün biz Russiýanyň howa giňişligini ulanýan her bir awiakompaniýa, her bir ätiýaçlandyryjy [kompaniýa], esasy rus aeroportlaryny ulanýan her bir adama duýduryş bermek isleýäris: Russiýanyň asmany doly howply ýagdaýa gelýär” diýip, Zelenskiý 1-nji sentýabrda gündelik agşamky wideo çykyşynda aýtdy.
“Dronlar bilen doldurylan asman raýat awiasiýasy üçin mynasyp bir ýer däl” diýip, ol Russiýanyň howa giňişliginde garaşylmaly dron işjeňliginiň möçberi ýa-da howpuň haçan güýçlenjekdigi barada goşmaça maglumat bermedi.
Zelenskiýniň bu çykyşy, Kiýew Kremli parahatçylyk gepleşiklerine itermek üçin Russiýanyň içinde harby obýektleri, nebit we gaz desgalaryny, şeýle-de bölek söwda logistika merkezlerini nyşana alyp, uzak aralykly hüjümleri güýçlendirýän mahaly etdi.
Degişli maglumat
Russiýa boýunça kanun taslamasy synaga uçraýan mahaly, Ukrainanyň sanksiýalar boýunça wekili Waşingtona bardyUkrainanyň prezidenti Kiýewiň hiç bir raýat uçaryna haýbat atmaýandygyny nygtady, ýöne “Russiýanyň asmanynda göz öňünde tutulmaly, [üns berilmeli] möçberde dronlaryň boljakdygyny” aýtdy.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Gyrgyzystanda geçirilen metbugat ýygnagynda Zelenskiýniň çykyşy barada soralanda, Moskwanyň islendik waka ýüze çykan halatynda jogap berjekdigini aýtdy we şeýle beýanatlaryň “döwlet terrorçylygyna” barabardygyny sözüne goşdy.
Putin 2022-nji ýylyň fewral aýynda Russiýanyň goňşusyna garşy giň gerimli urşy başladany bäri, Ukrainanyň çäginde täjirçilik raýat uçuşlary hereket etmeýär ýa-da onuň howa giňişliginden geçmeýär.
2014-nji ýylyň iýul aýynda, Ukrainanyň gündogar Donbas sebitinde Kiýewiň güýçleri bilen Rus we Russiýa tarapyndan goldanylýan güýçleriň arasyndaky söweşiň başynda, rus raketasy Amsterdamdan Kuala-Lumpura uçýan Malaýziýa howa ýollarynyň uçaryny urup gaçyrdy we uçardaky 298 ýolagçynyň hem-de ekipažyň ählisi öldi.
1-nji sentýabrda irden ýurduň dürli künjeklerinde çagalar täze okuw ýylynyň ilkinji gününde mekdebe barýarka, Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň dürli sebitlerine hüjüm etdiler.
Hüjümleriň birinde Kiýew welaýatynyň Boryspil şäherinde rus raketasynyň ýaşaýyş jaýynyň golaýyna gelip urmagy netijesinde, azyndan dört adam öldi we başga-da 13 adam ýaralandy.
“Bu Russiýanyň parahat ilata garşy terroryndan başga zat däl” diýip, Zelenskiý soňky rus hüjümleri barada eden çykyşynda aýtdy. Şeýle-de, ol “bu dartgynlygyň diňe Ukrainanyň territoriýasy bilen çäklenip bilmejekdigini we çäklenmejekdigini” hem sözüne goşdy.
“Munuň netijeleriniň Russiýa, şol sanda rus howa giňişligine hem täsir etmegi düýbünden tebigy we adalatlydyr. Rus howa giňişligi Russiýanyň urşuna işjeň we dogry jogap berýän dronlarymyzyň we raketalarymyzyň eýýäm [hereket edýän] giňişligidir we barha artýan görnüşde [hereket edýän] giňişligine öwrüler” diýip, Zelenskiý belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.