Wladyslaw Rudenko 16 ýaşynda rus goşunlary tarapyndan tutuldy we Russiýanyň basyp alan Krymda we Hersonda çagalar lagerlerinde dokuz aý saklandy.
Beýleki 20 000 ukrain çagalaryndan tapawutlylykda, Rudenko “Ukrainany halas et” atly jemgyýetçilik guramasy tarapyndan halas edildi we dokuz aý ýesirlikden soň Ukrainanyň gözegçiligindäki territoriýa gaýdyp geldi.
Prezident Wolodymyr Zelenskiniň we beýleki ukrain resmileriniň köpüsiniň ünsi Russiýanyň basyp alan ýerlerinde - Moskwanyň “dikeldiş merkezleri” diýip atlandyrýan ýerlerinde saklanýan müňlerçe adamyň ykbalyna gönükdirilýär.
Daşary işler ministri Andriý Sybiha hepdäniň ahyrynda "ChildrenAreNonNegotiable" kampaniýasynyň başlamagynyň çäginde "Bu jenaýat düýpli derňelmeli we jogapkärler jogaba çekilmeli" diýdi.
"Adalatly we dowamly parahatçylyk ukrain çagalarynyň hemmesiniň öýlerine dolanmagyny talap edýär" diýip, daşary işler ministri aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Ikinji jahan urşundan bäri Ýewropanyň iň uzaga çeken konfliktini bes etmegi üç aý ozal işe başlaly bäri daşary syýasatda ileri tutulýan ugur edip goýdy.
Degişli maglumat Çagalaryň ogurlanmagy barada ABŞ-nyň gözleg toparynyň ýapylmagyndan soň, ukrainalylar gözlegleri dowam etmäge çagyryş edýärGepleşikler birnäçe jedelli meseleleriň arasynda dowam edýän hem bolsa, ukrain resmileri Ukrainadan alnyp gidilenleriň hemmesiniň yzyna iberilmegini esasy gepleşik nokady hökmünde saklaýarlar.
Ukrain resmileri Moskwany käbir toparlaryň çagalary Ukrainadan Russiýanyň gözegçiligindäki ýerlerine we hatda Russiýanyň we onuň ýarany Belarusyň giňişligine "yzygiderli deportasiýa" etmegini guramalaşdyrmakda aýyplaýarlar.
Geçen ýyl Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy we Ukrain gullugynyň Shemy derňew bölümi tarapyndan toplanan subutnamalar, çagalaryň saklanýan lagerleriniň ýaş ukrainalylara Moskwanyň we Minskiň öňe sürýän düşünjelerini öwretmek üçin ulanylýandygyny görkezdi.
Bu, 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Yale jemgyýetçilik saglyk mekdebiniň ynsanperwer gözleg laboratoriýasy tarapyndan geçirilen barlagdan soň ýüze çykdy. Maglumatda ukrain mekdep okuwçylarynyň Belarusa gözegçilik astynda amala aşyrylan saparynyň Belarus we Russiýa tarapyndan iki ýurduň “Bileleşik döwleti” diýlip atlandyrylýan syýasatynyň çäginde guramalaşdyrylandygy aýdyldy.
Barlaglaryň netijesinde, bu prosesiň iki režimiň "medeni, taryhy, jemgyýetçilik we watançylyk habarlaryny ýa-da ideýalaryny wagyz etmek" hökmünde kesgitlenýän "gaýtadan bilim" bermek maksady bilen baglanyşykly bolandygy anyklandy.
Hasabatda aýdylmagyna görä, "çagaly toparlaryň azyndan altysyna" harby tälim berilipdir, şol sanda Içeri işler ministrliginiň goşunlarynyň gatnaşmagynda.
Degişli maglumat 12 ukrain çagasy basylyp alnan ýerlerden Ukraina gaýdyp geldiWladyslaw Rudenko şu aýyň başynda Azatlyk Radiosynyň ukrain gullugyna beren interwýusynda Russiýanyň häkimiýetleri tarapyndan saklanan döwründe öz gündelik durmuşyna gönüden-göni gözegçilik edilip, ugrukdyrylandygyny aýtdy.
"Biz rus gimni bilen oýanýardyk, baýdagy galdyrýardyk, maşk edýärdik. Ertirlik naharyndan soň bize gijäniň dowamynda Russiýada bolup geçen zatlary gürrüň berdiler. Göni manyda. Soňra biz rus filmlerine tomaşa etmeli bolýardyk" - diýip, ýetginjek aýdýar.
Ýel ynsanperwer gözleg laboratoriýasynyň maglumatyna görä, Ukrainadan 8400-den gowrak çaga azyndan 57 desga: Belarusdaky 13 desga we Russiýadaky we Russiýa tarapyndan basylyp alnan ýerlerdäki 43 desga yzygiderli göçürilipdir.
Ukrainanyň childrenofwar.gov.ua resmi hökümet portalynda alnyp gidilenleriň sany has köp bolup, 20,000 töweregi adam diýlip görkezilýär we diňe 1300 çaganyň üstünlikli yzyna gaýtarylandygy aýdylýar.
Zelenskiniň edarasy tarapyndan Pasha baýramçylygynda çap edilen beýanatda "Russiýa tarapyndan alnyp gaçylan çagalar yzyna gaýdyp gelmezden, urşa hakykatdan seredip bolmajakdygyny dünýä ýatladýarys" diýilýär.
Waşington çagalary yzyna gaýtarmak meselesinde Kiýewi goldady we geçen aý uruş ýesirleriniň alyş-çalşygyny, raýat tussaglarynyň boşadylmagyny we zor bilen alnyp gidilen ukrain çagalarynyň yzyna gaýtarylmagyny goldamak isleýändigini aýtdy.
Degişli maglumat Ukrainanyň hukuklar boýunça komissary: Russiýa tarapyndan äkidilen 20 müň çemesi çagadan 517 çaga yzyna getirildiŞeýle-de bolsa, ukrain resmileri, Trampyň administrasiýasynyň býujeti azaltmak boýunça soňky ädimleriniň çagalaryň nirä göçürilendigini anyklamak boýunça derňewlere we olaryň gaýdyp gelmegi üçin mümkinçiliklere ep-esli päsgelçilik döredip bilmeginden alada galýarlar.
Bu aralykda, Urşy öwreniş institutynyň analitigi Karolina Hird, Russiýanyň raýatlygyny kabul etmäge mejbur bolan ukrain ýetginjekleriniň rus goşunyna çagyryljakdygyny we öz halkyna garşy söweşmäge mejbur edilip bilinjekdigini, aýdyp, munuň halkara kanunlaryny bozýandygyny duýdurdy.
"Gepleşikler we söweşiň deportasiýa edilen çagalary hasaba almazdan soňlanmagy Russiýa bu jenaýatlary jezasyz dowam etdirmäge mümkinçilik berer" - diýip, Hird ýazdy.
Degişli maglumat 'Umyt günsaýyn azalýardy': Ukrainaly onlarça ýetim Russiýanyň basybalyjylykly aýlarynda nädip aman galdyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.