Žurnalistler Türkmenistandaky ýagdaýy tankyt eden bloggeriň mazaryny tapdylar
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Azatlygyň žurnalistleri "Hitrowskiý" lakamy bilen tanalýan TikTok bloggeri Didar Amansahatowyň mazaryny tapdylar. Ol Türkmenistanda etiň bahalarynyň ýokarlanmagyny tankytlady we noýabr aýynyň ahyrynda köpçüligiň gözünden ýitip gitdi. Çeşmeler howpsuzlyk güýçleriniň onuň ölümini "sapak" diýip atlandyrýandygyny we wideolarynyň aşagynda teswir galdyran adamlaryň sorag üçin çagyrylýandygyny we gorkuzylýandygyny öňe sürýärler. Türkmenistanyň häkimiýetleri bu waka barada hiç hili düşündiriş bermediler.