Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Bu ýyl dünýäde ulular üçin "Özüň reňkle" diýilýän kitaplar ýörgünli boldy. Her gün dünýäniň kitaplar baradaky metbugat sahypalarynda ulular üçin reňkleme kitaplarynyň satuwynyň rekord goýýandygy bilen bagly habarlar çykýar.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti Müsüriň hökümetini "ösüş we durnuklylyk üçin zerur bolan söz azatlygynyň düýp esaslaryna wehim salýan höküme gaýtadan seredilmegi üçin mümkin bolan ähli çäräni görmäge" çagyrdy.
Germaniýanyň içeri işler ministri Thomas de Maiziere, Fransiýanyň içeri işler ministri Bernard Cazeneuve, Britaniýanyň içeri işler sekretary Theresa May 30-njy awgustda bilelikdäki beýanaty ýaýratdylar.
Tanymal sünni alymlary Tährany Muhammet pygamberiň durmuşyna bagyşlanan täze filmi gadagan etmäge çagyrýarlar. Bu kino 27-nji awgustda ekrana çykdy we rekord girdeji getirmegine garaşylýar.
Täjigistanyň Adalat ministrligi ýurduň Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasyny gadagan etdi. Ozalky sowet giňişliginde resmi hasaba alnan ýeke-täk yslam partiýasynyň işlini togtatmagyna 10 gün wagt berildi.
“YouTube” saýty iýun aýynda özüniň “YouTube Gaming” oýun platformasyny ýakynda köpçülige hödürlejekdigini mälim edipdi we şondan soň ol bu ugurdaky test-synaglaryny geçirip başlapdy.
1968-nji ýylyň 25-nji awgustynda 8 sany sowet raýaty Sowet Soýuzynyň ýolbaşçylygynda Çehoslowakiýa edilen harby çozuşyň garşysyna protest bildirip, Moskwanyň Gyzyl meýdanyna çykdylar.
Serbiýa we Kosowo 25-nji awgustda köp ýyllyk duşmançylygy yzda goýup, özara gatnaşyklary kadalaşdyrmak ugrunda möhüm ädim ätdiler we ÝB-niň araçylygynda parahatçylykly döwlet ylalaşygyna gol çekdiler.
25-nji awgustda amerikan aksiýalary arzanlady we ozalky girdejilerini elden berdi. Wall Street maliýe bazary dört ýylyň dowamynda iň agyr synagy başdan geçiren gününiň ertesi hem durnuksyz boldy.
Atin etrabynyň ymamy şu wagta çenli sosial ulgamlar bilen hiç hili gyzyklanmandyr. Ol sosial ulgamlar barada Gyrgyzystan bilen sebitde bolup geçýän ýagdaýlar babatdaky teleýaýlym habarlarynda eşidipdir.
Rubtsow, Lukaşenkonyň "ynsanperwelik prinsipine" salgylanyp, 22-nji awgustdan 23-nji awgusta geçilýän gije boşadylmagy barada perman çykaran alty syýasy tussagynyň biri.
“Samsung” we “Apple” kompaniýalarynyň arasyndaky bäsdeşlik eýýäm ençeme ýyl bäri dowam edýär. Hususanda, soňky döwürler “Samsung” kompaniýasy bu bäsdeşlikde gaýduwsyz ädimler ätmek bilen öňe saýlanýar.
Britaniýanyň daşary işler sekretary Filip Hammond Britaniýa Eýranyň Merkezi banky bilen işleşip, Angliýadaky banklaryň Eýrandaky inwestisiýa işlerini maliýeleşdirmegini aňsatlaşdyrmak isleýär diýdi.
YD-nyň Siriýadky we Yrakdaky ekstremistleri Ikinji Jahan Urşundan bäri gadymy ýadygärlikleriň saklanyp galan ýerlerini "iň ýowuz, yzygiderli" weýran edijiler boldular diýip, I.Bokowa aýtdy.
Bu talap häzirki wagtda ykdysady galplyklarda aýyplanyp sud edilýän Ysmaýylowanyň işi bilen bagly öňe sürüldi. Ysmaýylowa özüne ýönkelýän aýyplamalary ret edip, onuň syýasy äheňlidigini aýdýar.
Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň baş direktory Ýukiýa Amano 20-nji awgustda beren beýanatynda bular ýaly çykyşlar "biziň alyp barjak mümkin bolan barlag işlerimiziň ýoluny nädogry görkezýär" diýdi.
Lenkoranyň ýaşaýjysy, hukukçy Sadreddin Kazymow özüniň Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda şeýle ýazypdyr: "Bu gün gaty geň bir ýagdaýa şaýat boldum.
Gazak teňňesi, hökümetiň walýuta kursuna degişli resmi çäklendirmeleri ýatyryp alyş-çalyş kursuna erkinlik berýändigini yglan etmeginiň yzysüre, amerikan dollaryna bolan gatnaşygynda öz hümmetiniň 26%-i ýitirdi.
Rus sudy estoniýaly howpsuzlyk ofiserini içalyçylykda aýyplap, türme tussaglygyna höküm etdi. Tallin we Brýussel onuň Estoniýadan alnyp gaçylandygyny we serhetden aşyrylyp, Orsýete eltilendigini aýdýarlar.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin öten ýyl Ukrainadan basylyp alnan Krym ýarymadasynda milli azlyk bolup ýaşaýan krym tatarlaryna aýratyn milli status almak ugrunda çalyşmaň diýip duýduryş berdi.
Ýene-de ýükle