Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň sylaglan daşary ýurtlulary


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) Orsýetiň Döwlet Dumasynyň başlygy Sergeý Naryşkiny "Bitaraplyk" ordeni bilen sylaglaýar. Aşgabat. 15-nji oktýabr, 2012 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) Orsýetiň Döwlet Dumasynyň başlygy Sergeý Naryşkiny "Bitaraplyk" ordeni bilen sylaglaýar. Aşgabat. 15-nji oktýabr, 2012 ý.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçeli bäri, daşary ýurt raýatlarynyň bir toparyna Türkmenistanyň döwlet sylaglary gowşuryldy. Azatlyk Radiosy şol daşary ýurt raýatlarynyň birnäçesiniň sanawyny düzdi.

“Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy” ordeni – resmi maglumatda bu ordeniň regionda parahatçylygy ornaşdyrmak, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň esaslaryny berkitmek we onuň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda tagalla eden hökümet we jemgyýetçilik igärlerine, şeýle-de ýokary derejeli daşary ýurt resmilerine berilýändigi aýdylýar.

Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýan – Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidenti. Ol bu sylaga “Ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, şeýle-de iki halkyň arasyndaky özara parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ýaýbaňlatmak ugrundaky tagallalary üçin” 2008-nji ýylda mynasyp bolupdy. Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýan bu ordeni alan ilkinji adam boldy.

“Bitaraplyk” ordeni bu ordenTürkmensitanyň hemişelik bitaraplyk statusyny ykrar etmek, ýurduň ykdysadyýet, ylym-bilim, medeniýet ýaly ugurlaryndaky edilen tagallalar üçin berilýär” diýip, resmi maglumatda bellenilýär.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon (çepde) Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen. Täjigistan. 2011 ý.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon (çepde) Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen. Täjigistan. 2011 ý.

Emomali Rahmon – Täjigistan respublikasynyň prezidenti. Rahmona bu sylag “Regionda howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, şeýle-de Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy artdyrmak boýunça eden tagallalary” üçin, onuň şu ýylyň awgustynda Türkmenistana eden saparynyň dowamynda gowşuryldy;

Sergeý Naryşkin – Orsýetiň Döwlet Dumasynyň başlygy. Bu sylag oňa şu hepdäniň dowamynda Türkmenistana eden saparynyň çäklerinde “ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady, medeni, ylmy we hökümetara gatnaşyklaryň ösmegi ugrundaky tagallalary üçin” gowşuryldy.

Prezidentiň ýyldyzy” ordeni – bu ýurdy goramak, halklaryň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle-de hökümetiň we jemgyýetiň öňündäki bitiren beýleki üstünlikleri üçin berilýär diýip, resmi maglumatda bellenilýär.

Oleg Kononеnko – asly türkmenistanly kosmonawt, Orsýet Federasiýasynyň gahrymany. Ol 2009-njy ýylda Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen “Özüniň görkezen şahsy gahrymanlygy, ýokary derejedäki professionalizmi, şeýle-de kosmosy parahatçylykly ýagdaýlarda öwrenmek baradaky halkara maksatnamanyň çäklerindäki gazanan üstünlikleri üçin” sylaglandy.

“Garaşsyz Türkmenistana bolan uly söýgüsi üçin” ordeni – Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny berkitmek ugrunda edilen tagallalar üçin berilýär” diýip, resmi maglumatda nygtalýar.

W.Matwiýenko 2003-2011-nji ýyllar aralygynda Sankt Peterburg şäheriniň gubernatory boldy.

W.Matwiýenko 2003-2011-nji ýyllar aralygynda Sankt Peterburg şäheriniň gubernatory boldy.

Walentina Matwiýenko – Orsýetiň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory (2003-2011-nji ýyllar aralygynda). Oňa bu sylag 2009-njy ýylda “Türkmen-Rus gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça eden şahsy tagallalary üçin” berildi.

Wiktor Sarianidi – belli arheolog-alym, taryh ylymlarynyň doktory, Orsýetiň ylymlar akademiýasynyň akademigi, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi, professor. Ol bu sylaga 2009-njy ýylda mynasyp boldy. Professor Wiktor Sarianidi ýarym asyra golaý wagt bäri Türkmenistanyň territoriýasynda arheologiki gazuw-agtaryş işlerini geçirýär.

“Gaýrat” medaly – medal hökümet, jemgyýetçilik, ylym-bilim, medeniýet, ekerançylyk pudaklaryndaky gazanan üstünlikleri üçin berilýär diýip, resmi maglumatda bellenilýär.

Zeki Pektaş – Aşgabatdaky Halkara Türkmen-Türk Uniwersitetiniň prorektory (2009 ý.). Pektaş bu sylagy “Türkmenistanyň ylym-bilim pudagynyň ösmegi ugrunda eden tagallalary üçin” diýen kesgitleme bilen 2009-njy ýylda aldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG