Sepleriň elýeterliligi

Baýryýew: "Men şu ýaşulyny tanamok"


Sişenbe güni Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty geçirilip, daşoguzly kärendeçi Hally Nazarow bu guramanyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy.

Prezident G. Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip aýtmagyna görä, Görogly etrabynyň Balyş Öwezow adyndaky geňeşiniň Galaly obasynda ýaşaýan Hally Nazarowyň kandidaturasy daşoguzly ýaşulular tarapyndan teklip edilipdir.

Ozal bu wezipäni golaýda aradan çykan Myrat Garryýew ýerine ýetirýärdi. Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban Ýaşulular maslahatynyň täze orunbasary barada ýerli synçy we žurnalist Aşyrguly Baýryýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýaşulular maslahatynyň başlygynyň orunbasarlygyna bellenen kärendeçi Hally Nazarow il içinde, ýurtda nähili tanalýar?

Aşyrguly Baýryýew: Men şu ýaşulyny özüm-ä tanamok dogrusy, adynam birinji gezek eşidýärin. Şeýle-de, ýurtdaşlarymyzam ony onçakly tanaýandyr diýip pikir edemok. Belki, bu ýaşulynyň ozal döwlet işlerinde işlän bolmagy mümkin. Häzirem kärendeçi diýýär, emma ýaşyna seretseň, ol ýaşy bir çene baran adam. Şonuň üçinem ol, belki-de, öz ogul-gyzlary bilen bilelikde kärendeçilik etse edýändir.

Azatlyk Radiosy: Şunuň ýaly ýurt möçberinde o diýen gowy tanalmaýan adam Türkmenistanda şeýle wezipä ilkinji gezek bellenýärmi ýa beýle ýagdaý oňem bolýarmydy?

Aşyrguly Baýryýew: Hawa, şeýle ýagdaý ozalam bolýardy, gaýtalanýardy. Ine, Nyýazowyň döwründe hatda şol ýol edarasynda işleýän bir işçini, ussany ministr wezipesine-de belläpdi. Başga-da mysallar bar.
Türkmenbaşyda geçen Ýaşulular maslahatynyň açylyşy. 23-nji oktýabr, 2012 ý.

Türkmenbaşyda geçen Ýaşulular maslahatynyň açylyşy. 23-nji oktýabr, 2012 ý.



Azatlyk Radiosy: Ýaşulular maslahatynyň başlygynyň orunbasarynyň ygtyýarlyklary nähili? Ýagny onuň öz çözýän meseleleri barmy ýa-da ol diňe prezidentiň aýdanlaryny ýerine ýetirýärmi?

Aşyrguly Baýryýew: Umuman, bu Ýaşulular geňeşi bir jemgyýetçilik gurama, özem onuň maslahatlary ýylda bir gezek geçirilýär. Ýöne şol Ýaşulular guramasynyň ýörite diwany, apparaty hem bar. Bu ýaşuly, indi orunbasar hökmünde, elbetde, ol prezidentiň ýolbaşçylygynda işlär ýa-da prezident, şol Ýaşulular geňeşiniň başlygy, şol apparat onuň ýerine etmeli işleri eder. Emma hormatly ýaşuly Hally Nazarow özbaşdak iş alyp barar diýip garaşmak mümkin däl.

Azatlyk Radiosy: Ýaşulular maslahatynda başlygyň orunbasary diňe bir adammy ýa-da başga-da orunbasar barmy?

Aşyrguly Baýryýew: Meniň bilşime görä, bu guramada orunbasar bir adam bolmaly. Sebäbi, ozal biz orunbasar hökmünde diňe ýaňy-ýakynda aramyzdan giden Myrat Garryýewi bilýärdik. Başga orunbasar bar bolsa, biz ony bilmeli, eşitmeli. Emma şondan başga adamyň bardygy barada türkmen metbugatynda-da hiç hili maglumat berlenok. Ol ýeke-täk orunbasar bolsa gerek. Ýöne meniň pikirimçe, eger-de “Ýaşulular guramasy” diýip, şunuň ýaly, Türkmenistanyň ähli ýaşulularyny jemleýän gurama başlyk bir bolsa-da, orunbasarlary her welaýatdan bir adam bolsa, has ýerine düşerdimikä diýýän.

Azatlyk Radiosy: Awgust aýynda täze döredilen Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlyklygyna Orazmämmet Mämmedowyň saýlanandygy aýdyldy. Siziňçe, bu syýasy lider il içinde nähili tanalýardy?

Aşyrguly Baýryýew: Orazmämmet Mämmedow şol wezipä saýlananda gaty köp adam geň galdy. Beýle adam barada ozal eşitmändiklerini aýtdylar. Sebäbi Mämmedow Türkmenistanyň syýasy jemgyýetçilik durmuşynda bir özüni görkezen adam däl. Belki, onuň telekeçilik işinde azda-kände üstünlik gazanan bolmagy mümkin, ýöne bu partiýa diýen zat esasan syýasy iş bilen meşgullanýar. Häzir bu partiýanyňam ady bir eşidilip duranok, şonuň ýaly-da onuň ýolbaşçylygyna saýlanan Orazmämmet Mämmedowyň adam eşidilenok. Hatda metbugatda-da, “Galkynyş” gazeti şol syýasy guramalaryň gazeti, şonda-da ol barada hiç hili maglumat berlenok.

Azatlyk Radiosy: Adamlar, halk bu liderler barada näme pikirde? Umuman, adamlar şeýle wezipelere kimiň, nähili adamlaryň bellenýändigine nähili garaýar?

Aşyrguly Baýryýew: Umuman, halk bu wezipelere kimiň bellenenine uly parh goýanok. Sebäbi, kim bellenen ýagdaýynda-da, ol bir çözüji ähmitete eýe däl, çözüji bir iş, özbaşdak iş alyp bilýän adam däl. Ol, esasan, şol apparat işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilýär işler. Onsoň, bizde näme, ýurda, ählii guramalara diýen ýaly bir adam ýolbaşçylyk edýär. Bizde şol “bir adamyň agzyna bakmaly, bir adamyň diýeni bilen bolmaly” diýen ýörelge garaşsyzlyk ýyllarynda berk ornady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG