Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goşa raýatlygy bolanlar aladaly


 Beýleki bir ýurduň pasportyna eýe bolanlara Türkmenistanyň “zagran”, ýagny daşary ýurt pasportlarynyň berilmejegi aýdylýar.
Beýleki bir ýurduň pasportyna eýe bolanlara Türkmenistanyň “zagran”, ýagny daşary ýurt pasportlarynyň berilmejegi aýdylýar.
2013-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, goşa raýatlyga eýe bolan türkmenistanlylar pasportlaryndan diňe birini saklap bilerler. Beýleki bir ýurduň pasportyna eýe bolanlara Türkmenistanyň “zagran”, ýagny daşary ýurt pasportlarynyň berilmejegi aýdylýar.

Immigrasiýa gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň daşary ýurt pasportyny almakçy bolýanlar 2013-nji ýylyň iýulyna çenli daşary ýurt raýatlygyndan geçmeli bolarlar.

Agzalýan möhlete çenli ep-esli wagtyň bardygyna garamazdan, goşa raýatlyga eýe bolan Döwran, haýsy-da bolsa bir dokumentini saýlamalydygy barada basyşlaryň eýýäm başlandygyny aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosy Döwran bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Goşa raýatlyk meselesi boýunça nirä çagyryldyňyz we size nähili soraglar berildi?

Döwran: Men hiç ýerde işlemämsoň, meni öý-hojalyk uprawleniýesi çagyryp, bäş sorag berdi, ýagny: "Haçan, näme esasynda Orsýetiň raýatlygyny aldyňyz?", şeýle hem "Iň soňky gezek haçan Orsýete bardyňyz?" diýen soraglary berdiler. Olaryň iň esasysy: "2013-nji ýylda haýsy ýurduň raýatlygyny saýlarsyňyz?" diýen sorag boldy.

Türkmen hökümeti 2003-nji ýylda hem goşa raýatlyk düzgüninden dynmakçy bolupdy. Emma ol wagt Türkmenistanda rus dilli we goşa raýatlygy bolan adamlary gorap, Orsýetiň hökümet Dumasynyň deputatlary çykyş edipdiler, şeýle hem prezident Putin bu meselä goşulypdy.

Şondan soň bu mesele goýbolsun edilipdi. Ýöne aslynda bu sorag gün tertibinden aýrylmandy, ol gaýtam iriňli ýara ýaly ýarylmaly wagtyna garaşýardy. [Meniň] pikirimçe, häzir şol pursat ýetip geldi.

Bu problemanyň çözülmän durmagynyň sebäbi, goşa raýatlygy bolan adamlara Türkmenistanyň daşary ýurt pasporty berlenok. Eger berilmese, onda aýdylyşyna görä, indiki ýylyň iýul aýyndan başlap, daşary ýurda gidip bolmaz, hatda goňşy Özbegistan döwletine-de.

Şonuň üçin Orsýetde garyndaşlary bolan adamlar näme etjeklerini bilenoklar, ýurtda bu mesele barada tolgunyşlyklar bar.

Azatlyk Radiosy: onda siz haýsy ýurduň raýatlygyny saýlamakçy, Türkmenistanyňkynymy ýa-da Orsýetiňkini?

Döwran: Häzirlikçe men oýlanýaryn. Meniň ýalylar köp. Türkmenistan, biziň etniki aýratynlygymyza garamazdan, watanymyz, şonuň üçin Türkmenistanda galmak islärdik. Emma agtyklarymyzyň we çagalarymyzyň gelejegini göz öňünde tutsak, onda ol mümkin däl, sebäbi olar gowy bilim alyp bilenoklar.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň raýatlygyny saýlan ýagdaýyňyzda-da, Türkmenistanda hem garyndaşlaryňyzyň käbirleriniň galmaklary mümkin, olar bilen görşüp, aragatnaşyk saklamagy nähili göz öňüne getirýärsiňiz?

Döwran: Hawa, garyndaşlarymyz galar. Şonuň üçin men Orsýetiň raýatlygyny saýlap, soň wiza alyp, Türkmenistana barjak bolsam-da, türkmen hökümeti maňa ýol bermez diýip, alada edýän. Sebäbi Orsýetiň raýatlygyny saýlasam, onda ýurda dönüklik etdi diýip hasaplanar.

Azatlyk Radiosy: Goşa raýatlygyny saklamak isleýän adamlar bu barada näme edýärler, ýagny olar nähilidir bir alada edýärlermi?

Döwran: Ýok, beýle zat ýok. Diňe Natalýa Şabunts atly bir zenan Aşgabatda Türkmenistanyň daşary ýurt pasportyny almaga synanyşyp ýör. Emma onuň ýüzlenmeleri Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň başlygyndan geçip, ýokary hiç bir ýere ýetmedi.

Türkmenistanda adamlar gorkýarlar, onuň sebäbi ol ýerde söz azatlygy ýok. Artykmaç bir zat aýtmaly däl, ýogsa çäre görerler. Hemmeler şu ýylyň noýabr aýynyň başynda prezident Putiniň Türkmenistana barmagyna garaşýarlar. Adamlar nämedir bir zada umyt edýärler, emma bir gowulyk boljakdygyna ynam ýok.
XS
SM
MD
LG