Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Ýanukowiç "sebäpli" dörän dykynlar


Aşgabadyň köçelerindäki ulag dykyny. 13-nji fewral, 2013 ý.

Aşgabadyň köçelerindäki ulag dykyny. 13-nji fewral, 2013 ý.

Her bir daşary ýurt ýolbaşçysynyň Türkmenistana resmi saparynda bolşy ýaly, bu gezegem paýtagt Aşgabatda myhmanyň awtoulag kerweniniň geçýän köçeleri ýapyldy. Käbir köçeler az wagtlap ýapylan bolsa, käbirleri ençeme wagt ýapyldy.

Meselem, Türkmenbaşy prospekti Magtymguly prospekti bilen kesişýän ýerinden tä Hudaýberdiýew prospekti bilen kesişýän ýerine çenli birnäçe sagat ýapyldy. Netijede, Magtymguly, Andalyp prospektlerinde awtoulag dykynlary emele geldi.

Sürüjiler bu köçelerden adatdakysyndan ep-esli wagt köp dykynda garaşyp geçmeli boldular. “Türkmenler myhmansöýer halk. Emma, ukrain prezidentiniň kerweni geçensoň köçäni ýapyp goýmak nämä gerek boldyka?” diýip, hususy taksiniň eýesi Ýagşygeldi öz nägileligini bildirýär.

Türkmenbaşy prospektiniň ýapylan böleginden diňe ýolagçy awtobuslary goýberýärdiler. Adatça, öňler awtobuslar hem öz marşrutlaryny üýtgetmeli bolýardylar. Şu gezek awtobuslary goýberipdirler. Emma awtobuslar Oguzhan prezident köşgüniň golaýyndaky duralgalarda durman geçýärdiler.

Pyýadalar

Şonuň üçin, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň duralgasynda düşmeli ýolagçylar Demirýol ministrliginiň golaýyndaky duralgada düşmeli boldular. Şol duralgada düşüp, Türkmenbaşy prospekti bilen ady agzalan uniwersitetiň golaýyna hem baryp bolmaýardy. Pyýadalar üçin hem ýol ýapykdy.

Aşgabadyň ýaşaýjysy, 45 ýaşly Annamyradyň aýtmagyna görä, ukrain prezidentiniň awtoulag kerweniniň geçmeli köçesinden barýan pyýadalardan onuň awtoulag kerweni geçýänçä haýsy-da bolsa bir ýerde bukulmak talap edilipdir.

“Käbirleri köçäniň ugrundaky binalaryň arka ýüzünde bukuldy, käbirleri bolsa ýerasty geçelgelere girdi. Garaz, kortež geçýänçä köçe dym-dyrslyk boldy. Hiç bir adam ýokdy” diýip, Annamyrat Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Gaýtalanyp gelýän ýagdaý

Paýtagtyň merkezi köçelerini ysmaza getirýän düýnki ýaly ýagdaý eýýäm ençeme ýyl bäri dowam edýär. Bu ýagdaý diňe bir daşary ýurt prezidentleri sebäpli däl, eýsem Türkmenistanyň prezidentiniň awtoulag kerweni geçen mahaly hem emele gelýär.

Paýtagtyň Bitaraplyk, Garaşsyzlyk prospektleriniň günorta böleginiň ugrunda ýerleşýän, ilat arasynda “elitnyý” diýip atlandyrylýan ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylaryna bolsa, jaýlarynyň penjirelerini açmazlyk, myhman gelse, awtoulaglaryny görünmez ýaly ýerde goýmak ýaly talaplar edilýär. Olar ýurt baştutanynyň awtoulag kerweniniň geçmegine az salym wagt galandan tä ol geçýänçä ýaşaýyş jaýlarynyň köçe tarapyna çykmaly däl.

“Biz ir bilen ýörite gulluklaryň hem-de polisiýa işgärleriniň “penjiräňi ýap, maşynyň aýyr” diýýän gykylyklary bilen turýarys. Özi-de, köplenç halatda, olar örän gödek gürleşýärler” diýip, Bitaraplyk prospektiniň ugrundaky “elitnyý” ýaşaýyş jaýynyň ýaşaýjysy, 56 ýaşly Kakageldi aýtdy.

"Gözçykgynçlyga garşy"

Ýurt baştutanynyň ýa-da daşary ýurt prezidentleriniň paýtagtyň köçelerinden geçýän awtoulag kerwenleriniň berk goralmalydygyny Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan adamlaryň hiç haýsysy inkär etmeýär.

Emma olar bu ýagdaýyň gözçykgynç derejä ýetirilmegine garşy. “Köplenç halatda bir-iki sany parallel köçe ýapylýar. Şol köçelerden ne maşyn geçip bilýär, ne-de pyýada. Köçeler awtoulag kerweni geçmänkä ýarym sagat öň ýapylýar. Şondan soňam awtoulag kerweni geçmeýän mahaly bar. Adamlar kösenýär” diýip, hususy taksiniň eýesi Ýagşygeldi aýtdy.

Soňky döwürler türkmen prezidentiniň ulagynyň köçeler doly ýapylman geçip gidişine şaýat bolan ildeşlerimiziň içinde häzirki ýaly köçe ýapmaklygyň zerur däldigini öňe sürýänleri hem bar.

Şolaryň biri hem 47 ýaşly Goçguly. Ol arada “Ýimpaş” söwda merkeziniň ýanynda ýüzbe-ýüz bolan wakasy barada gürrüň berdi. “Köçeden geçjek bolanymda bir ýaş oglan ‘agam, entäk garaş, ýaşuly geçýär’ diýip, meni saklady. Köçe ýapylmansoň, men oňa ynanmadym. Ol çatrykda duran ak reňkli jipe yşarat edip, ‘şol maşyndaky president’ diýdi. Prezident arkaýyn geçip gitdi. Hiç zat bolmady” diýip, Goçguly gürrüň berdi.

Soňky wagtlar paýtagtyň köçelerinde awtoulag dykynlarynyň emele gelmezligi üçin käbir köçeler giňeldilýär. Swetoforyň rugsat beriji yşygyna garaşman, awtoulaglara sag tarapa öwrülmäge mümkinçilik berýän birtaraplaýyn ýollar gurulýar. Bu işler öz netijesini hem berýär. Dykyn azalýar. Emma, köçeleriň ýapylmagy bu işleri belli bir derejede puja çykarýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG