Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Sagdynlyk, bagtyýarlyk we… atlar mekany


Berdimuhamedowyň ahal-teke atlaryna bolan gyzyklanmasy ýurduň ozalky prezidenti Nyýazowyň liderlik eden döwründe ýöredilen döwlet syýasatyndan gözbaş alýar.

Berdimuhamedowyň ahal-teke atlaryna bolan gyzyklanmasy ýurduň ozalky prezidenti Nyýazowyň liderlik eden döwründe ýöredilen döwlet syýasatyndan gözbaş alýar.

“Ahalteke bedewi tebigatyň we adamyň ösen zähmetiniň we akyl- paýhasynyň peşgeş beren aýaýyp sazlaşygynyň, owadanlygyň, gözelligiň we gaýtalanmajak okgunlygyň simwoly”.

Bu setirler türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň internetde PDF formatynda ýerleşdirilen birnäçe kitabyndan biri bolan “Ganatly bedewler” atly kitabyndan alnan sitata. Ol kitaplar türkmeniň meşhur ahal-teke atlarynyň hormatyna täze döredilen resmi hökümet websaýtynda ýerleşdirilipdir.

G.Berdimuhamedowyň “Ganatly bedewler” atly kitabynda çap edilen suratlardan biri.

G.Berdimuhamedowyň “Ganatly bedewler” atly kitabynda çap edilen suratlardan biri.

Iňlis dilindäki görnüşinden daşary, bu websaýt türkmen we rus dillerinde-de elýeterli edilen. Ondaky PDF formatyndaky şekiller bir žurnala hem-de Berdimuhamedowyň iki sany kitabyna çelgi berýär (olardan biri ýokarda agzalyp geçilen “Ganatly bedewler”, beýlekisi “Ahal-teke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” kitaby).

Bu internet saýty her ýylyň aprel aýynyň iň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýän Türkmenistanyň milli baýramçylygy bolan Bedew baýramçylygynyň bosagasynda açyldy.

G.Berdimuhamedow türkmen halkynyň “sagdynlygy we bagtyýarlygy” baradaky adalalary giňden wagyz etmekden daşary, 2006-njy ýylda häkimiýet başyna geçeli bäri atçylyk bilen-de çakdanaşa gümra bolup gelýär.

Atçylyk bilen çakdanaşa gümralyk

Türkmen lideri 2011-nji ýylda her ýyl ahal-teke atlarynyň gözelliginiň bäsleşiklerini geçirmek barada ýörite permana-da gol çekdi. Şu ýylyň 18-nji fewralynda telewideniýede gorkezilen maslahatda ol Türkmenistanyň atçylyk pudagyny ösdürmekde ýeterlik alada etmändigi üçin ýurduň atçylyk birleşiginiň başlygyna gaharly ýüzlenip, ony wezipesinden boşatdy.

Berdimuhamedowyň käbir beýleki inisiatiwalarynda bolşy ýaly, onuň ahal-teke atlaryna bolan gyzyklanmasy-da ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň liderlik eden döwründe ýöredilen döwlet syýasatyndan gözbaş alýar.

Öz döwründe Saparmyrat Nyýazow öz içine suwa düşülýän howzy we weterinar punktuny (atlar üçin niýetlenen) alýan 20 million dollarlyk atçylyk kompleksini gurdurmakdan daşary, atlary dünýä liderlerine sowgat bermek edähedi bilen-de tanalypdy.

Onuň döwründe “Altyn asyryň altyn aty Ýanardag” diýlip at berlen Nyýazowyň atynyň keşbi Türkmenistanyň döwlet gerbine-de ýerleşdirilipdi.

Täze hökümetiň döreden täze websaýtynyň mazmuny-da türkmen hökümeti üçin atyň simwolik rolunyň näderejede möhümligini ýene bir gezek nygtap görkezýäne meňzeýär.

Türkmenistanyň resmi internet saýtynda çap edilen suratlardan biri.

Türkmenistanyň resmi internet saýtynda çap edilen suratlardan biri.

“Ahal-teke atyna hakyky sarpa goýujy, atçylyk boýunça bilermen we atçylygyň hemaýatçysy” diýlip mahabatlandyrylýan Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ganatly bedewler” kitabynyň iňlis dilindäki nusgasy özboluşly geň iňlis diline terjime edilipdir we kitap foto-şop programmasynda öwrenje derejede redaktirlenen sansyz-sajaksyz suratlar hem-de geň, ýaranjaň äheňdäki ýazgylar bilen doldurylypdyr.

Bu sitatalaryň arasynda iň bir ýatda galyjylaryndan birem, meger, kitabyň 116-njy sahypasynda Türkmenistanyň awtoritar liderini çakdanaşa mahabatlandyryjy we ýaranjaň äheňdäki ýazgy bolsa gerek.

Ol ýazgyda: “Ak bedewe atlanyp, uçaryň şturwalynyň başyna geçip, deňiz laýnerini sürüp, kuwwatly KAMAZ-y dolandyryp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe bir ajaýyp fiziki we ruhy taýýarlygyny we her bir işde ýokary professional endiklerini görkezmän, eýsem, ol halkyň aňynda häzirki zaman ýigidiniň keşbini pugtalandyrýar, ýigit bolsa köp zady başarmalydyr – ilkinýi nobatda, bilimli, fiziki taýdan taplanan, estetiki taýdan üşükli bolmalydyr. Bularyň hemmesi üstünlikli arzuwlardyr” diýilýär.

Köp synçylaryň türkmen hökümetiniň bu täze websaýtyna Türkmenistanyň režiminiň emelsiz propoganda guraly ýaly bir zat hökmünde baha bermekleri geň bir zat däl bolsa gerek. Özüniň çakdanaşa çäklendirilen metbugat azatlygy we ynsan hukuklary boýunça pes görkezijileri bilen Türkmenistan dünýäde iň bir izolirlenen jemgyýet bolmagynda galýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG