Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erol: Gülüň saparynyň simwoliki ähmiýeti uly


Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Ankara, Türkiýe. 29-njy fewral, 2012 ý.
Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Ankara, Türkiýe. 29-njy fewral, 2012 ý.
Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül resmi sapar bilen Türkmenistana barýar. Prezident Abdullah Gülüň üç gün, ýagny 29-31-nji maý aralygynda Türkmenistanda galmagyna garaşylýar.

Eýsem, Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gülüň Türkmenistana edil häzirki günlerde sapar etmeginiň sebäbi näme? Azatlyk Radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, Türkiýäniň Ankara şäherindäki Gazi uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary bölüminiň professory Mehmet Seýfettin Erol bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Professor Mehmet Seýfettin Erol, Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül üç günlük resmi sapar bilen Türkmenistana barýar. Üç gün köp wagt, prezident Abdullah Gülüň Türkmenistana edil häzirki günlerde sapar etmeginiň sebäbi näme?

Prof. Erol: Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gülüň Türkmenistana üç günlük sapary Türkiýäniň Türkmenistana garaýşy we oňa berýän ähmiýeti bilen bagly. Esasy belläp geçmeli zadymyz, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimýet başyna gelmegi bilen Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklarda strategik hyzmatdaşlyk döwrüniň başlanandygyny bilýäris.

Biz Türkmenistan bilen Türkiýäniň gatnaşyklaryna Türkiýäniň daşary syýasatyny göz öňünde tutup seredenimizde, ilkinji belläp geçmeli zadymyz Türkmenistanyň sebitde alyp barýan energetika syýasatydyr. Şeýle-de Hazar deňzi arkaly durmuşa geçirilmäge synanyşylýan proýektlerdir.

Ikinjiden hem, 2014-nji ýyldan soň Owganystandan halkara goşunlarynyň çykmagy bilen, sebitde howpsuzlyk taýdan täze bir döwrüň başlajagy barada soraglar bar. Şübhesiz, şol proses beýleki ýurtlar bilen birlikde Türkmenistana hem öz täsirini ýetirer. Şol sebäpden hem Türkmenistanyň sebitdäki howpsuzlygy we durnuklylygy Türkiýe üçin örän wajypdyr.

Üçünji mesele hem, Ýakyn-Gündogarda bolup geçýän ýagdaýlaryň ýuwaş-ýuwaşdan Eýrana tarap hem ýaýrap başlamagy bilen baglydyr. Şeýlelikde Eýranda bolup geçäýjek bir täzelik iň bärkisi, Türkiýe ýaly, Türkmenistana hem öz täsirini ýetirer.

Häzirlikçe munuň çaklamadygyna garamazdan, Orta-Gündogarda çaltlyk bilen üýtgeýän gün tertibi we Eýranyň Siriýany gyzyl çyzyk diýip yglan etmegi örän wajypdyr. Siriýa garşy harby çäre görlen halatynda Eýranyň hem bu ýagdaýa goşulmaga ahmal.

Ýene-de belläp geçmeli zadymyz, Orsýetiň bu sebitde çaltlyk bilen ornaşyp barmagydyr. Şeýlelikde Orsýetiň täsiriniň artmagy Türkmenistan hem-de onuň daşary syýasaty, hat-da has uzak möhletde alanyňda, onuň garaşsyzlyk statusy barada hem käbir howatyrlanmalary döredýär.

Azatlyk Radiosy: Professor Seýfettin, bu bolmagy mümkin diýýän täsirleriňiziň öňüni almak üçin Türkiýe Türkmenistana nähili goldaw berip biler?

Prof. Erol: Ilki bilen Türkmenistanyň Bitaraplyk ýagdaýyny nygtap geçmeli. Ýöne häzirki şertlerde Türkmenistanyň Bitaraplyk statusy, onuň howpsuzlygyny kepillendirmeýär. Şeýle ýagdaýda Türkmenistanyň sebitde goranyş taýdan güýçlendirilmegi zerurdyr. Munuň üçin hem Türkiýe Türkmenistana takyk goldaw bermeli bolar.

Meniň pikirimçe, jenap Gülüň Aşgabada üç günlük sapary hem Türkiýäniň Türkmenistana bolan köptaraplaýyn gyzyklanmasyny görkezýär.

Şeýle-de soňky bir-iki ýylyň dowamynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynda käbir üýtgeşiklikler bolup geçdi. Bu üýtgeşiklikler hem Türkiýe bilen Türkmenistan döwletleriniň arasynda käbir problemalaryň dörändigi barada gürrüňleriň peýda bolmagyna sebäp bolupdy.

Şeýlelikde bu sapar bir-iki ýyl mundan ozal gün tertibinde bolan meseleleriň indi ähmiýetiniň ýokdugyny we Türkiýe bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynda täze bir döwrüň başlanjakdygy bilen hem alamatlandyrylyp bilner.


Azatlyk Radiosy: Professor Seýfettin, bu siziň agzaýan problemalaryňyz nämelerden ybarat?

Prof. Erol: Ýagny, birnäçe ýyl öň, "Arap baharynyň" hem täsiri bilen, soňky bir-iki ýylyň dowamynda sebitde türk kompaniýalary bilen baglanyşykly käbir problemalar bolupdy. Ýöne jenap Gülüň şol döwürlerde Türkmenistana eden saparynda hem şu meseleler ara alnyp maslahatlaşylypdy we ikitaraplaýyn gepleşikler netijesinde kompaniýalar işlerini dowam etdirdiler.

Şeýlelikde-de bir-iki ýyl mundan ozalky problemalar öz güýjüni ýitirdi we jenap Gülüň Türkmenistana edýän bu sapary hem şonuň netijesidir.
XS
SM
MD
LG