Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani seresaplylyk bilen çemeleşýär


Hasan Rohani
Hasan Rohani
Hasan Rohani, näçe tagalla etseň-de, hemmeleriň göwnünden turup, hemmeleri razy etmegiň aňsat iş däldigini özüniň prezidentlik döwrüniň ilkinji günlerinde başdan geçirýär.

Onuň prezident hökmünde eden ilkinji işleriniň biri, ýagny täze kabinet üçin teklip eden agzalarynyň sanawy, kasam edişlik dabarasy soňlanmanka, eýýäm bölek-büçek boldy.

Synçylaryň bellemegine görä, Rohaniniň teklip eden kandidatlary onuň dürli syýasy toparlary razy etmäge synanyşyp, şol bir wagtyň özünde-de saýlaw kampaniýasynda beren wadalarynda durmak isleýändigini görkezýär.

Tankytlar

Ýöne Rohaniniň 4-nji awgustda kasam edişlik dabarasynda hödürlän sanawy hem konserwatiwleriň hem-de oppozisiýanyň tankydyna uçrady.

Konserwatiwler teklip edilen kandidatlaryň käbiri oppozision herekete aşa ýakyn diýip, duýduryş berdiler. Oppozisiýanyň käbir agzalary hem içerki möhüm wezipeler konserwatiwlere berlip, tanymal reformaçylar sanawa goşulmandyr diýip zeýrendiler.

Tankyda sebäp bolan ýene bir zat Rohaniniň sanawynda aýallaryň ýokdugy.

Rohaniniň teklip eden 18 adamlyk sanawy tradisional konserwatiwleri, aram syýasatçylary, tehnokratlary, şeýle hem öňki prezidentler Akbar Haşemi Rafsanjani bilen Mohammad Hateminiň döwründe gulluk eden işgärleri öz içine alýar.

Berlinde ýaşaýan eýranly žurnalist Ehsan Mehrabiniň pikiriçe, Rohani kyn deňagramlylyk oýnuny oýnamaga synanyşýar.

"Teklip edilen käbir ministrler, aýratyn-da içleri işler ministri hökmünde Rahmani Fazliniň we medeniýet ministrligine Jannatiniň saýlap tutulmagy Rohaniniň aram konserwatiwleri goşmak bilen oňat netijeler gazanyp, öz kabinetini parlamente oňladyp biljekdigine ynanýandygyny görkezýär. Rahmani Fazli ençeme ýyllap parlamentiň başlygy Ali Larijani bilen bile işleşen adam. Oňa kabinete Larijaniniň gatnaşmagy diýip garalýar" diýip, Mehrabi aýdýar.

Reformaçy gazet "Şarg" garyşyk reaksiýalary suratlandyrmak üçin, özüniň baş makalasyny "Iki tarap-da razy we närazy" diýip atlandyrdy.

"Gara tegmiller"

Rohaniniň sanawyndaky käbir adamlara berk garşylyk aşa konserwatiw "Keýhan" gazetinden geldi. Bu täsirli gazetiň baş redaktorlygyna Ýokary ruhy lider aýatolla Ali Hameneýi tarapyndan bellenen Hoseýn Şariatmadari 5-nji awgustda kabinet üçin teklip edilen käbir adamlaryň "gara tegmilleri" bar diýip ýazdy.

Şariatmadari nebit ministri diýip teklip edilen Namdar Zangenäni "ýykgynçylykly" we "utançly işleri" edenlikde aýyplap, "möhüm Nebit minstrliginde halkyň bähbitlerini gorap saklar diýip, şular ýaly adama ynam edip bolarmy?" diýip sorag berdi.

Waşingtonda ýaşaýan eýranly analizçi Ali Afşariniň pikiriçe, konserwatiwler düşewüntli ministrlikleriň ellerinden gitmeginden gorkýarlar.

"Bu güýçler, Rafsanjanä ýakyn adamlaryň dolanyp gelip, Nebit ministrligi, Magdan ministrligi ýaly esasy ministrlikleri ellerinden almagyndan howatyr edýärler. Eýranyň Rewolýusiýa sakçylary hem Zangenäniň bolmagy netijesende kem-kemden kontraktlaryny ýitirip, ykdysady işleriniň kesilmeginden aladalanýarlar" diýip, Afşari aýdýar.

Zangeneh 2009-njy ýylda oppozision ýolbaşçy we prezidentlik kandidaty bolan Mir Hoseýn Musewä maslahatçylyk eden adam.

Afşari Rohaniniň teklip eden kabinetiniň 80 prosentini parlament oňlar diýýär. Ol öz pikirini şeýle beýan edýär: "Şular ýaly ynjyklyklar bar. Ýöne men esasy roly parlamentde agalyk edýän Ali Larijani bilen onuň topary oýnar diýip pikir edýärin. Emma bu Hameneýiniň edarasy ara goşulmasa, şonda bolar. Rohani öz kabineti barada Hameneýiniň goldawyny alypdyr diýilse-de, onuň ara goşulmagy mümkin. Sese goýlanda Kabinetiň takmynan 80 prosenti, ynam gazanar".
XS
SM
MD
LG