Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml sudlary birleşdirýär


Orsýet Federasiýasynyň Ýokary sudunyň girelgesi, Moskwa.
Orsýet Federasiýasynyň Ýokary sudunyň girelgesi, Moskwa.

Prezident Wladimir Putin ýurduň iki esasy sud edaralaryny birleşdirmek üçin Konstitusiýa düzedişleri girizmek teklibini Döwlet Dumasynyň garamagyna tabşyrdy. Onuň bu karary bu ädimiň onuň kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen däl-de, syýasy maksatlar bilen bagly bolmagynyň ahmaldygy baradaky çaklamalary döretdi.

Orsýetiň Baş arbitraž sudy ýurduň iň bitarap sud organy diýlip hasaplanýar. Emma bu ýagdaý uzaga çekmejege meňzeýär.

Kremliň 7-nji oktýabrda Döwlet Dumasyna tabşyran kanuny ykdysady dawalary çözýän Baş arbitraž suduny ýatyryp, onuň Ýokary sud bilen birleşdirilmegini göz öňünde tutýar.

Karara laýyklykda 170 sudýadan ybarat bolan jenaýat, graždan, administratiw hem ykdysady işlere garaýan umumy bir edara, ýagny “super sud” döredilmeli.

Näme sebäpden birleşdirilýär?

Häkimiýetler bu çäräniň sud sistemasyndaky näsazlyklary aradan aýyrmaga ýardam berjegini aýdýarlar. Emma tankytçylar Kremliň bu hereketiniň onsuzam prezidente garaşly bolan sud sistemasyny merkezleşdirmek boýunça ädilýän nobatdaky ädimdigini belleýärler.

Moskwaly ýurist Wadim Klýuwgant Orsýetiň sud sistemasynyň merkezleşdirilmeginiň 15 ýyl mundan ozal başlanandygyny aýdýar. Klýuwgant häzirki ädimleri sudy býurokratik sistemanyň gözegçiligine geçirmek boýunça edilen synanyşyklaryň dowamy diýip atlandyrdy.

Kremliň öňe sýrýän täze kanuny Wladimir Putine tutuş ýurt boýunça prokurorlary bellemäge ygtyýar berer. Häzirki wagta regionlarda prokurorlar Orsýetiň Baş prokuraturasy tarapyndan bellenýär.

Bu çäre Konstitusiýa üýtgetmeleriň girizilmegini talap edýär. Şu sebäpden kanunyň durmuşa geçirilmegi üçin Döwlet Dumasynyň agzalarynyň üçden iki bölegi we Federasiýa Geňeşiniň agzalarynyň dörtden üç bölegi tarapyndan makullanmaly.

Ýurduň kanunçykaryjy ýolbaşçylary, şol sanda Dumanyň spikeriniň birinji orunbasary Aleksandr Žukow we Dumanyň kanun çykaryjy komitetiniň başlygy Pawel Kraşeninnikow täze kanuna garamak boýunça maslahatyň ýakyn aýlarda boljakdygyny mälim etdiler.

Putin öz teklibini ilkinji gezek şu ýylyň iýun aýynda Sankt-Peterburgda geçirilen ykdysady forumda agzapdy. Şonda ol ýurduň iki sany baş sud edaralarynyň kararlarynda yzygiderliligiň ýokdugyny aýdypdy.

Hukukçy bilermenler, şol sanda ýurist Klýuwgant Arbitraž sudunyň ýapylmagynyň sistemanyň kämilleşmegi üçin netijeli boljakdygyna şübhe bildirýärler.

Orsýetiň intellektual eýeçiligiň hukuklary boýunça sudunyň başlygy Lýudmila Nowoselowa kararyň akyl-paýhasa ters gelýändigini bellemek bilen, onuň suduň çykarýan kararlarynyň hilini gowşadyp biljegini aýtdy.

Medwedewiň dosty

Bilermenler Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň klasdaşy bolan Anton Iwanowyň ýolbaşçylygyndaky Baş arbitraž suduna ýurduň adalat sistemasyndaky bitarap edara hökmünde garapdy.

Pribylowskiý bu hödürlenýän özgerdişleriň aňyrsynda başga sebäpleriň, meselem, haýsy-da bolsa bir intriganyň ýatan bolmagynyň ahmaldygyny çak edýär.

Orsýetiň “Wedomosti” neşiri Ýokary sud edaralarynyň birleşdirilmegi Dmitriý Medwedewiň dostuny çetleşdirmek arkaly onuň özüniň-de hökümetdäki täsirini gowşatmak maksady bilen edilýän synanyşyk bolup biler diýen çaklamany öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG