Sepleriň elýeterliligi

Gabawdaky türkmenler Aşgabatdan jogaba garaşýar


"Talyban" bilen çaknyşyk, ölüm-ýitim obada adaty ýagdaýa öwrülipdir.

"Talyban" bilen çaknyşyk, ölüm-ýitim obada adaty ýagdaýa öwrülipdir.

Owganystanyň Badgys welaýatynyň Türkmenistan bilen serhetleşýän böleginde ýerleşýän Marçak obasy indi ep-esli wagtdan bäri üç tarapyndan “Talyban” hereketiniň gabawynda saklanylýar. Şunlukda çaknyşyk, ölüm-ýitim obada adaty ýagdaýa öwrülipdir.

Owganystanly türkmenleriň obasy Marçagyň ýaşaýjylarynyň ählisi diýen ýaly etniki türkmen. Üç tarapy gabawdaky obanyň bir tarapy Türkmenistan bilen serhetleşýär. Çykalgasyz galan oba ýaşululary Owganystanyň başga welaýatlaryna gidip ýerleşmek üçin Türkmenistanyň territoriýasyndan geçmäge rugsat sorap, serhede gözegçilik edýän türkmenistanly resmileriň ýerli ýolbaşçylaryna ýüz tutupdyrlar.

Türkmen serhetçileriniň üç günde size habar bereris diýen wadasyndan bäri bir hepde geçipdir. Azatlyk Radiosy “Talybanyň” hüjümlerinde iki ogly heläk bolan, Marçak oba geňeşiniň ýolbaşçysy Hajy Haýtmyrat bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG