Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Separatistleriň saýlaw netijeleri yglan edildi


Aleksandr Zaharçenko (ç) we Igor Plotnitskiý (s)

Aleksandr Zaharçenko (ç) we Igor Plotnitskiý (s)

Gündogar Ukrainada gözgalaňçylaryň gözegçiligindäki regionlarda öz-özlerini ykrar eden häkimiýetler ozaldan ady bilinýän orsýetçi separatistleriň saýlawlarda ýeňiş gazanandygyny habar berdiler. Bu saýlawlar Günbatar tarapyndan bikanun diýlip atlandyrylsa, Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ony doly ret edip, “manysyz” diýip atlandyrdy.

Separatistik häkimiýetler 2-nji noýabrda jemlenen sesleriň netijesinde, öz-özüni aýratyn döwlet diýip jar eden Donetsk halk respublikasynyň ýolbaşçysy wezipesine Aleksandr Zaharçenkonyň, Lugansk halk respublikasynyň ýolbaşçysy wezipesine-de sesleriň 64%-ini alan Igor Plotnitskiniň saýlanandygyny yglan etdiler.

"Kiýewiň problemasy"

Donetsk separatistleriniň saýlawlar boýunça resmisi Roman Lýagin “Kiýew Donbasyň mundan beýläk Ukrainanyň bir bölegi däldigi bilen ylalaşmaly” diýip çykyş etdi. Şeýle-de Lýagin “Isleglerimiziň beýan edilmeginiň netijelerini kabul edip-etmezligi Kiýewiň öz problemasy, biz eýýäm karara geldik” diýdi.

Lýaginiň agzan Donbas regiony gündogar Ukrainadaky industrial bölegini emele getirýär we belli bir derejede orsýetçi separatistleriň gözegçiligindäki giňişliklere degişli bolýar.

Separatistleriň tankytçylarynyň aýtmagyna görä, Zaharçenko we Plotnitskiý saýlawlar kandidat hökmünde öz garşylaryna hiç bir hakyky oppozisiýa bolmazdan gatnaşdylar.

Ýakynda Kiýewiň Ukrainada ýurt boýunça geçiren saýlawlaryna garşylyk hökmünde gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Donetsk we Lugansk regionlarynda geçirilen özbaşdak saýlawlara Orsýet ýerli halkyň “islegleriniň” netijesi hökmünde baha berdi.

Donetsk halk respublikasynyň ýolbaşçysy wezipesine saýlanandygy yglan edilen Aleksandr Zaharçenko “adamlarymyzyň aktiwligi biziň diňe bir netijeli uruşmaga ukybymyzy görkezmän, biziň bagtly durmuş ugrunda göreşmäge-de ukyplydygymyzy görkezdi” diýdi.

Şeýle-de separatistler öz-özüni ykrar eden respublikalarynda geňeşlere halk wekillerini saýlamak üçin hem ses berişlik geçirdiler.

Günbataryň bahasy

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini bu saýlawlary “bikanun we ygtyýarsyz” diýip atlandyrdy we gündogar Ukrainada “parahatçlyga päsgelçilik” döredýändigini aýtdy. Regionda hökümet güýçleriniň we gozgalaňçylaryň arasyndaky söweşleriň netijesinde aprel aýyndan bäri 4 000 çemesi adam wepat boldy. Kiýew we NATO Orsýetiň separatistleri ýarag we harbylar bilen goldaýandygyny aýdýarlar.

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier ses berişligiň regionda ok atyşygy togtatmak boýunça halkara goldawynyň netijesinde 5-nji sentýabrda gelnen ylalaşygyň “harpyna we ruhuna”, ýagny oňa doly ters gelýändigini aýtdy we Orsýeti Ukrainanyň bütewüligine hormat goýmaga çagyrdy.

Orsýet üçin "gural"

Analitikleriň pikirine görä, separatistleriň geçiren saýlawlary olaryň Kiýew bilen arasyndaky gapma-garşylygy hasam pugtalandyryp biler, Orsýet bolsa bu saýlawlary gural hökmünde ulanyp, gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki regionlary Ukrainanyň galan böleginden daşlaşdyrmak üçin “doňdurylan konfliktleriň” täze zolagyny döredip biler. Orsýetiň postsowet giňişliginde beýleki käbir ýurtlar meselesinde şuňa meňzeş tejribeleri ozaldanam bar.

Orsýet Ukrainadaky konfliktde öz roluny inkär edýär.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putinden saýlawlaryň netijesi boýunça häzirlikçe reaksiýa ýok. Emma Orsýetiň daşary işler ministriniň 3-nji noýabrda çap eden gysgaça beýannamasynda Moskwanyň gündogar Ukrainada geçirilen saýlawlary kanuny diýip hasap edýändigini yglan etdi we Kiýewi gozgalaňçylar bilen ylalaşmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG