Sepleriň elýeterliligi

"Türkmen-eýran serhedinde köp egleýärler"


Häzirki wagt 800-e golaý türk ýük ulagynyň Türkmenistana geçmek üçin türkmen-eýran araçäginde garaşýandygy habar berilýär.

Häzirki wagt 800-e golaý türk ýük ulagynyň Türkmenistana geçmek üçin türkmen-eýran araçäginde garaşýandygy habar berilýär.

Ýakynda Türkiýäniň halkara transportçylar jemgyýetiniň (UND) başlygy Fatih Şener “Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň tagallasy bilen Türkmenistan Eýrandan geçilýän Lütfabad serhet geçelgesinden [geçmeli ýük ulaglarynyň] mümkinçiligini 50% artdyrdy. Emma bu mümkinçilikden Eýran öz bähbidine peýdalanýar” diýen görnüşde metbugata beýannama berdi.

Häzirki wagt 800-e golaý türk ýük ulagynyň Türkmenistana geçmek üçin türkmen-eýran araçäginde garaşýandygy habar berilýär.

Eýsem, türkmen-eýran serhedindäki bu ýagdaý barada türk ýük ulag sürüjileri näme pikirde? Şeýle-de, türk ýük ulaglarynyň garaşdyrylmagy diňe Eýrana baglymy ýa-da munuň başga ýurtlar bilen hem arabaglanyşygy bolup bilermi?

Azatlyk Radiosy şu soraglar bilen gyzyklanyp, ençeme gezek türkmen paýtagty Aşgabada ýük alyp baran türkiýeli ýük maşyn sürüjisi Myrat bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG