Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýadro gepleşiklerinde "uly boşluk" saklanýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri, Wena, 21-nji noýabr, 2014.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri, Wena, 21-nji noýabr, 2014.

Tähranyň we dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň wekilleri Eýranyň ýadro meselesi boýunça gepleşikleri doňup duran ýerinden gozgamak boýunça 23-nji noýabr duşuşygynda uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 22-nji noýabrda eden çykyşynda gepleşikleri alyp barýan taraplaryň “öňegidişlik gazanmak ugrunda” iş alyp barýandygyny belledi, emma “uly boşlugyň” henizem galýandygyny aýtdy.

Kerri 22-nji noýabrda Wenada Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif bilen üç günüň dowamynda dördünji gezek duşuşmak üçin Pariže saparyny yza tesdirdi.

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier 23-nji noýabryň “hakykat üçin pursat” boljagyny aýtdy. 24-nji noýabrda taraplaryň kesgitlän wagt möhleti dolýar.

“Anyk ylalaşyk”

Günbatar habar beriş serişdeleri ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Wenadaky gepleşiklerdäki resmisine salgylanyp, Waşingtonyň wagt möhleti dolýança Eýran bilen ylalaşygy baglaşmaga umyt baglaýandygyny, emma “mümkinçilikleri” synap hem görýändigini habar berdiler.

Gepleşiklere ýakyn ýewropaly çeşme taraplaryň gepleşiklerde “uly bir öňegidişlik” gazanmandygyny belledi we doly ylalaşyga gelmek üçin “eýranlylar düýpli ugurdan hereket etmeli”, diýip 22-nji noýabrda aýtdy.

Bu çeşmäniň adynyň agzalmazlyk şerti bilen žurnalistlere aýtmagyna görä, maksat “anyk ylalaşyk” baglaşmakdan ybarat.

Emma ýewropaly çeşme: “Ähli zatlary 24-nji noýabra çenli jemlemek ideýasy fiziki taýdan mümkin däl. Hatda biz syýasy ylalaşyga gelsek-de, onuň tehniki taraplary taýýar bolmaz”, diýip Wenada aýtdy.

Gatnaşýan taraplar

Şol bir wagtyň özünde-de, Orsýetiň habar agentlikleri Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 23-nji noýabrda agşam Wena barýandygyny habar berdiler.

Munuň öňüsyrasynda Orsýetiň Daşary işler ministrligi Lawrowyň Afrikanyň ilçileri bilen 24-nji noýabrda Moskwada planlaşdyrylan duşuşyklary yza tesdirendigini habar berdiler.

ABŞ, Britaniýa, Fransiýa, Hytaý, Orsýet we Germaniýa Eýranyň ýadro ýaragyny döretmejegine kepil geçýän ylalaşygy baglaşmak ugrunda Tähran bilen gepleşikleri alyp barýarlar.

Eýran bolsa özüne päsgelçilik döredýän halkara ykdysady sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny talap edýär.

Emma Eýranyň urany baýlaşdyrmak boýunça rugsat berilýän işleriniň möçberine degişli gapma-garşylyklar saklanyp galýar. Eýran özüniň ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly maksatlara gönükdirilýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG