Sepleriň elýeterliligi

Gara maşynlar 'garalanýar'


Awtoulaglaryň daş keşbi bilen bagly girizilen gadagançylyklaryň sebäpleri barada resmi düşündiriş berilmeýär.

Awtoulaglaryň daş keşbi bilen bagly girizilen gadagançylyklaryň sebäpleri barada resmi düşündiriş berilmeýär.

Türkmenistana gara reňkli awtoulaglary getirmek gadagan edildi. Bu maglumaty Aşgabat şäher gümrükhanasynda hem tassykladylar.

Bu edaranyň adynyň tutulmagyny islemedik işgäriniň aýtmagyna görä, 13-nji ýanwardan bäri ýurduň içine serhetden gara reňkli awtoulaglar geçirilmeýär.

Bu gadagançylyk diňe bir gara reňkli awtoulaglara degişli bolman, eýse goýy gök, goýy gyzyl, ýagny aýdylyşy ýaly, garaňky reňkli awtoulaglaryň hemmesine degişli. Bu edaranyň işgärleriniň ýurda garaňky reňkli awtoulaglary asla getirmezligi ýogsa-da olary ak reňk bilen reňkläp getirmegi eýýäm geçen ýylyň soňlarynda adamlara maslahat berip ugrandygy barada maglumat aldyk.

Agzalýan çäklendirmeler hakda resmi mediada hiç hili maglumat ýok.

"Howa şertleri"

Emma gümrük gullugynyň işgärleri bilen söhbetdeş bolan käbir adamlar bu çäräniň “gara reňkiň Türkmenistanyň howa şertlerine gabat gelmeýändigi” bilen düşündirilýändigi barada özlerine aýdylandygyny gürüň berdiler.

Edil şeýleräk bahana bilen mundan ozal, gara aýnaly maşynlara garşy hem çäre görlüp, şol aýnalar çalşylmaly edilipdi. Häzirki aladanyň aýnaly mesele bilen haýsydyr baglanyşygynyň bolup- bolmandygy hakda hiç hili maglumat berilmeýär. Şol bir wagtyň özünde, bu çäräniň sebäbi hakda degişli ýolbaşçylaryň özünde hem takyk maglumat ýok ýaly.

Ak reňkiň kulty

“Gara maşynlaryň ýurda getirilmeginiň gadagan edilmegi barada aýdylanda, käbirleri bu ädimiň Aşgabady ak şähere öwürmek baradaky tagalla bilen baglydygyny aýdýarlar” diýip, özüni Maksat diýip tanadan we Aşgabat şäher gümrükhanasynda awtoulagyny resmileşdirjek bolýan bir ildeşimiz gürrüň berdi.

Maksat öz tanyşlarynyň biriniň gara reňkli dört sany awtoulagyny şu ýylyň başyndan bäri gümrükden geçirip bilmeýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Gara reňkli maşynlara garşy girizilýän bu çäklendirmelerden biraz öň, geçen ýyl ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aglabasynyň münýän gara reňkli ”Mersedes” kysymly gulluk maşynlary ak reňkli awtoulaglara çalşylypdy.

Mundan başga-da, häzir Aşgabady “aklaşdyrmak” çäresi hem giň gerim bilen alnyp barylýar. Şäheriň ak reňke boýalýan binalarydyr ýaşaýyş jaýlary az däl. Şu nukdaýnazardan, awtoulaglaryň dürli reňklerine girizilen gadagançylygyň-da ak reňkiň kulty bilen bagly bolmagy ähtimal diýen çaklamalar bar.

Ýeri gelende aýtsak, ýurtda soňky döwürlerde awtoulaglaryň daş keşbi bilen bagly girizilýän gadagançylyklar diňe bu gadagançylyk bilen çäklenmeýär. Häkimiýetler raýatlaryň hususy awtoulaglarynyň daş keşbine uly üns berýärler.

Geçen ýylyň iýul aýynyň ahyrynda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy paýtagtdaky hususy awtoulaglaryň tekerlerine dakylan gara reňkli diskleri gadagan etdi.

Gara diskleriň gadagançylygy bilen bir hatarda “Toýota” awtoulaglarynyň “Kemri”, “Korolla” ýaly görnüşleriniň yzky we öňündäki bamperleriniň zawoddan çykanda goýlan spoýleri gadagan edildi.

Awtoulaglaryň daş keşbi bilen bagly girizilen bu gadagançylyklaryň sebäpleri barada resmi taýdan maglumat ýa-da düşündiriş berilmeýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG