Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB: Orsýete garşy sanksiýalar artdyryldy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin aýdymçy Iosif Kobzony sylaglaýar. Moskwa, 2012.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin aýdymçy Iosif Kobzony sylaglaýar. Moskwa, 2012.

Ýewropa Bileleşigi ýene-de 19 adamy we dokuz guramany “Ukrainanyň territorial bütewüligine, garaşsyzlygyna zyýan ýetirmekde ýa-da oňa wehim salmakda” aýyplap, sanksiýalaryň gara sanawyna goşdy.

Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde wiza bermesiz edilen we bank hasaplarynyň doňdurylmagyny göz öňünde tutýan bu gadagançylyklaryň astyna düşen 19 adamyň arasynda Orsýetiň goranmak ministriniň orunbasary Anatoliý Antonow we birinji orunbasary Arkadiý Bahin, şeýle-de Orsýetiň Ýaragly güýçleriniň ýolbaşçysynyň orunbasary Andreý Kartapolow dagylar bar.

Döwlet Dumasynyň iki deputaty, şol sanda meşhur aýdymçy Iosif Kobzon we Waleriý Raşkin gündogar Ukrainadaky separatistleri goldaýanlygy sebäpli, sanawa goşulypdyrlar. Kobzon öz-özüni özbaşdak ýurt diýip jar eden Donetsk halk respublikasynyň Orsýetdäki hormatly ilçisi, diýlip yglan edilipdi, “Krasnaýa Moskwa-watançy kömek fronty” atly graždan hereketiniň esaslandyryjysy Raşkin bolsa, separatistleri goldaýan demonstrasiýalara guramaçylyk etdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili täze sanksiýalaryň Ukrainadaky ýagdaýa çözgüt tapmaga kömek bermejegini we bu sanksiýalara Moskwanyň “degerli” jogap berjekdigini aýtdy.

Separatistler sanawa girizildi

Öz-özlerini döwlet diýip jar eden Donetsk hem Lugansk halk respublikalaryndan 15 sany separatist, şol sanda ykrar edilmedik adalat, býujet we ykdysadyýet ministrleriniň wezipesindäki Aleksandr Şubin, Ýewgeniý Manuilow we Olga Besedina hem gara sanawa girizildiler.

ÝB-niň sanawyna separatistleriň sekiz sany bileleşigi bilen bilelikde ”Noworossiýa jemgyýetçilik hereketi” hem girizildi. Sanawda ”Kozaklaryň milli gwardiýasy”, ”Sparta” we ”Somali” batalýonlary, şeýle hem olaryň ýolbaşçylary agzalýar. Olaryň Ýewropa Bileleşigindäki hasaplary doňduryldy.

Ýewropa Bileleşiginiň gadagançylyk sanawyna häzir Ukrainanyň hem-de Orsýetiň jemi 151 raýaty we 37 sany guramalary, edaradyr kärhanalary girizilen.

Ýewropa Bileleşiginiň karary

Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalar sanawyny giňeltmek kararyna 24-nji ýanwarda günorta Ukrainanyň Mariupol şäherinde azyndan 29 adamyň ölümine sebäp bolan ok atyşykdan soň gelindi.

Karar Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri tarapyndan 9-njy fewralda yglan edildi, emma Fransiýanyň, Germaniýanyň, Orsýetiň we Ukrainanyň liderleriniň arasynda geçen hepdede Minskde bolan gepleşiklerde öňegidişlik gazanmaga ýol açmak maksady bilen bu karary çap etmek birnäçe gün gaýra goýlupdy.

Gündogar Ukrainada söweşleriň geçýän ýerinde ok atyşygy bes etmek we agyr ýaraglary yza çekmek barada 12-nji fewralda Minskde gelnen ylalaşyga garamazdan, şol günüň özünde Ýewropa Bileleşiginiň hökümet baştutanlarynyň Brýusselde geçiren maslahatynda sanksiýalar sanawyna goşulan 19 adamyň we dokuz guramanyň adyny çap etmek kararyna gelindi.

Sammitiň dowamynda ÝB-niň Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk ÝB-niň Minsk ylalaşygy berjaý edilmedik ýagdaýynda “zerur ädimlere”, şol sanda has berk ykdysady sanksiýalara taýýar bolmalydygyny aýtdy. Dünýäniň iň kuwwatly ykdysadyýetli ýurtlarynyň halkara "Ýedilik toparynyň" liderleri hem “Minsk ylalaşygynyň bozulmagynyň bahasyny” artdyrmakçydyklaryny mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG