Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň resmi websaýtynda "Gazprom kompaniýasy şertnamalary yzygiderli bozýar" we bu onuň "durnuksyz partnýordygy" barada pikir döredýär diýen mazmunly makala çap edildi.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň resmi websaýtynda peýda bolan "Türkmen gazynyň Orsýete akdyrylmagy dikeldilermi?" sözbaşyly makalada Türkmenistanyň köp ugurly gaz eksportyna bil baglaýandygy aýdylýar we Türkmenistanyň Orsýet bilen ylalaşyklarynyň "Gazprom" tarapyndan ýerine ýetirilmeýändigi habar berilýär.

2007-nji ýylyň maý aýynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň, Orsýet Federasiýasynyň we Gazagystan Respublikasynyň prezidentleri Hazarýaka gazgeçirijisini gurmak barada bilelikdäki deklarasiýa gol çekdiler. Ýarym ýyl çemesi wagtdan soň, şol ýylyň 20-nji dekabrynda Moskwada üç ýurduň prezidentiniň gatnaşmagynda hazarýaka gazgeçirijisini gurmak barada üçtaraplaýyn hökümetara ylalaşygyna gol goýuldy diýip, maglumatda aýdylýar. “Gazpromyň” baştutanynyň 2008-nji ýylyň 25-nji iýulynda Aşgabatda Türkmenistanyň çäklerindäki inwestision proýektleriň, şol sanda “Gazpromyň” “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmagy baradaky ylalaşyga gol çekendigi aýdylýar.

Gaz söwdasynyň möçberi azalýar

Emma maglumata görä, “Gazpromyň” hökümetara, pudagara derejelerde gelnen ylalaşyklary berjaý etmändigi sebäpli hazaýaka gaz geçirijisiniň gurluşygy togtadylypdyr.

Üstesine, ”Gazpromyň” ýylda 80 milliard kubometr gaz geçirijilik ukybyna eýe bolan “Orta aziýa-merkez” gaz sistemasy arkaly Orsýet Federasiýasyna we GDA ýurtlaryna akdyrýan gazynyň möçberi soňky ýyllarda yzygiderli azalýar diýlip, Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň resmi websaýtynda Nebit-gaz institutynyň bilermeni B.Pirnyýazowyň adyndan çap edilen makalada aýdylýar. Bu maglumatda “Gazprom-eksportyň” 2003-njy ýylyň 10-njy aprelinde baglaşylan we ýylda 70-80 milliard kubometr türkmen gazyny Orsýete akdyrmagy göz öňünde tutýan 25 ýyllyk ylalaşygyň şertlerini doly derejede ýerine ýetimeýändigi bellenilýär.

Maglumatda habar berlişine görä, 2009-njy ýyla çenli Orsýet Türkmenistandan ýylda 40-45 milliard kubometr gaz satyn alypdyr, 2010-njy ýyldan soň Orsýetiň pozisiýasyna laýyklykda, Türkmenistandan satyn alnan gazyň möçberi azaldylyp, ýylda 11 milliard kubometre getirilipdir.

“Durnuksyz partnýor”

“2015-nji ýylda orsýet tarapy satyn alýan türkmen gazynyň möçberini ýylda 11 milliard kubometrden 4 milliarda çenli azaldýandygyny, ýene-de hiç hili delillendirmezden yglan etdi” diýip, maglumatda bellenýär we bu zatlaryň ählisi “Gazpromyň” we onuň bölümleriniň ylalaşyklary "yzygiderli bozýandygyny görkezýär" hem-de "iri energetik kompaniýasynyň, gynansak-da, durnuksyz partnýordygy barada pikir döredýär" diýip, Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň resmi websaýtynda "Türkmen gazynyň Orsýete akdyrylmagy dikeldilermi?" atly makalada aýdylýar.

Orsýetiň hökümet baştutany Dmitriý Medwedew “Gazpromyň” 2015-nji ýylda Türkmenistandan we Özbegistandan satyn alýan gazynyň möçberini azaldýandygyny fewral aýynyň başynda yglan etdi.

2014-nji ýylyň aýagynda Orsýet “Gazpromyň” geljekde Merkezi Aziýanyň tebigy gazyny satyn almakdan doly el çekmek planyny hem mälim edipdi.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň resmi websaýtynda çap bolan maglumata görä, "muňa garamazdan, türkmen tarapy uzak möhletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dowam etdirilmegine we Orsýete akdyrylýan gazyň öň planlaşdyrylan möçberiniň dikeldilmegine bil baglaýar".

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG